Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 25.04.2023

PÝGG paýtagtdan soň, sebitlerde hem ulaglaryň gara çarçuwalaryny aýyrdýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda şahsy ulaglaryň döwlet belgisini saklaýan gara reňkli çarçuwany (ramkany) aýyrmak talaplary sebitlere hem ýetdi. Geçen hepde Aşgabatda häkimiýetler, dil üsti bilen berlen görkezmä salgylanyp, sürüjileri ak reňde bolmadyk, hatda zawodda öndürilen goýy çarçuwalaryny aýyrmaga mejbur edip başlady. Mary we Lebap welaýatyndaky habarçylarymyzyň 25-nji aprelde beren maglumatyna görä, şu hepdäniň başyndan bäri Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň (PÝGG) işgärleri welaýat merkezleriniň köçelerinde ulaglara garşy reýd geçirýärler. Читать дальше...

Kakada ilat arz-şikaýat edip, gymmat çöregiň bahasyny arzanlatdy

Azathabar.com 

Geçen hepde Ahalyň Kaka şäherinde ýerli ilat döwlet dükanlarynda azyklaryň, hususanda çörek önümleriniň tas iki esse gymmatlamagyna garşy nägilelikli çäre geçirdi. Munuň netijesinde, häkimiýetler ýeňillikli bahadan satylýan çöregiň ozalky nyrhyny gaýtardylar. Bahalaryň birden aşa gymmatlamagyna 20 müň töweregi ilatly şäherde ýerli unuň ýitirim bolmagy sebäp bolupdyr. Bu ýagdaýlar ýurtda subsidirlenen azyk önümleriniň satuwyny doly aradan aýyrmak ähtimallyklarynyň arasynda bolup geçýär.

Telekeçiler iri bazarda durgunlaşan söwda işini janlandyrmaga çalyşýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň köpugurly bazarynyň söwdagärleri alyjylaryň azalmagyna garşy çykalga gözleýär. Bir ýyl töweregi mundan ozal, pandemiýa çäklendirmeleriniň yzysüre gaýtadan açylan iri bazaryň telekeçileri söwda işini täzeden janlandyrmak ugrunda tagalla edýärler. Bazarlarda emele gelen durgunlylyk söwdagärleri häkimiýetlerden haraý gözlemäge iterýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan söwdagärlere görä, pandemiýa çäklendirmeleriniň getiren negatiw täsirleri, galyberse-de, Mary şäherindäki... Читать дальше...

Sowuk howada ekinleri zaýalanan maryly daýhanlar ekişe täzeden girişýär

Azathabar.com 

Şu hepdäniň başynda Mary welaýatynyň käbir sebitlerinde howa sowap, howanyň temperaturasy gijelerine nol gradusa çenli aşaklady. Aşa yssydan soň gelen sowuk howa Garagum etrabynda gök-bakja ekinlerine zyýan ýetirdi. Ýerli daýhanlar şu günler goşmaça serişde sarp edip, ekişe täzeden girişmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Daşoguzda we Lebapda giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär

Azathabar.com 

Şu günler Daşoguz we Lebap welaýatlarynda giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu işler Jemagat hojalygy müdirliginiň we edara-kärhanalaryň işgärleri tarapyndan amal edilýär. Lebabyň häkimiýetleri bu çäreleriň sebäpleri barada anyk bir zat aýtmaýan mahaly, daşoguzly býujet işgärleri muny Berdimuhamedowlaryň öňümizdäki günlerde sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. "Dynç günüdigine garamazdan, ýekşenbe güni hem, daşoguzly býujet işgärleri köçeleri arassalamak... Читать дальше...

'Russiýanyň Türkmenistan bilen wizany ýatyrmak taýýarlygy'. Ritorika we hakykat

Azathabar.com 

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Russiýanyň Türkmenistan bilen arasyndaky wiza dügünini ýatyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu meselede Türkmenistanyň pozisiýasy entek belli däl, resmi Aşgabat Russiýanyň ilçisiniň beýanaty barada entek düşündiriş bermedi. Bu aralykda, bu tema eýýäm türkmen jemgyýetinde giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.

Aşgabatda ABŞ generaly bilen gepleşik geçirildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Wepa Hajiýew bilen ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň merkezi serkerdeliginiň serkerdesi, general Maýkl Kurillanyň duşuşygy geçirildi diýip, türkmen metbugaty 24-nji aprelde habar berdi. Duşuşykda taraplar howpsuzlyk we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada maslahat etdiler, sebitdäki we Owganystandaky ýagdaýlar barada pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn duşuşygyň çäginde kiberhowpsuzlyk, maglumat alyş-çalşygy, brifingleri we maglumat howpsuzlygy boýunça okuwlary guramak ýaly... Читать дальше...



Ýeňillikli azyk paýlary: Görnüşleri, mukdary, bahasy, hili we üpjünçiligi

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynda ilata hödürlenilýän ýeňillikli azyk paýlarynyň ýatyrylmagy boýunça teklipler bilen çykyş etmeginiň yz ýanynda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary azyk paýlarynyň häzirki görnüşleri, mukdary, bahasy, hili we üpjünçiligi barada käbir maglumatlary öwrendiler.

Oraza baýramynda adamlar gonamçylyklarda merhumlaryny ýatlady

Azathabar.com 

Musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen, şu gün Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilip geçilýär. Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabatda 21-nji aprelde müňlerçe adam metjitlere baryp, baýram namazyny okady. Lebabyň gonamçylykarynda bolsa, hossarlaryny zyýarata baran adamlaryň juda köpdügi sebäpli, aýak basar ýaly ýer bolmady.

Türkmenbaşyda döwlete degişli edaralaryň işgärleri fewraldan bäri aýlygyna garaşýarlar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynda aýlyklaryň wagtynda berilmezligine degişli mesele ýüze çykdy. Transport, söwda, deňiz we harby edaralaryň işgärlerine birnäçe aýlap zähmet haky berilmeýär. Aýlyklaryna garaşýan býujetçileriň arasynda awtobus we taksi sürüjileri, döwlet dükanlarynyň işgärleri, deňizçiler we harby gullukçylary bar. Olaryň ençemesine fewral aýyndan bäri aýlyk berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary 25-nji aprelde habar berdiler. Döwletiň transport pudagynda zähmet çekýän awtobus... Читать дальше...

Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň öňki başlygy 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Azathabar.com 

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň (KNB) öňki başlygy Karim Masimow 2022-nji ýylyň ýanwarynda Merkezi Aziýa döwletinde hökümete garşy guralan görlüp-eşidilmedik protestlerden soň bolan ganly wakalarda oýnan roly sebäpli 18 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Astanadaky kazyýet Masimowa 24-nji aprelde, dönüklikde, häkimiýeti güýç bilen ele geçirmäge synanyşmakda we wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapanyndan soň, türme tussaglygy hökümini çykardy.  Masimowyň öňki orunbasarlary Anuar Sadykulow... Читать дальше...

HRW: Eýranyň howpsuzlyk güýçleri çagalary öldürýär we gynaýar

Azathabar.com 

Eýranda giň ýaýran protestleri basyp ýatyrmaga gatnaşýan howpsuzlyk güýçleri çagalary yzygiderli we gaýta-gaýta öldürdi, gynady, jynsy zorluga, ýitirim bolmaga sezewar etdi diýip, Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy 25-nji aprelde aýtdy. Adam hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýän gurama öz beýanatynda sentýabr-fewral aýlary aralygynda 11 çaganyň garşysyna edilen hukuk bozulmalaryny derňeýändigini aýtdy. "Eýran liderleri çagalaryň jynsy zorluga sezewar edilmegi we... Читать дальше...

Blinken Meredow bilen howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinken 24-nji aprelde, birinji gün Waşingtonda, Döwlet departamentiniň şertnama otagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bilelikde metbugat üçin gysgaça maglumat berdi. Iki ministriň duşuşygynda klimat krizisi we Türkmenistanyň howa goýberýän zyýanly gazlary, şol sanda adam hukuklary barada hem gürrüň edilendigi aýdylýar. Türkmen ministri briefing wagtynda anyklaşdyrmazdan özüniň bu saparyndan soň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *