Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 24.04.2023

Lebaply pileçiler gijelerine tut agaçlarynyň şahalarynyň 'awyna' çykýar

Azathabar.com 

Türkmenistan ýüpek gurçugyna ideg etmek boýunça nobatdaky möwsümiň ahyryna golaýlaýan mahaly, lebaply pileçi-kärendeçiler bu oba hojalyk önümçiligi üçin zerur bolan tut ýapraklarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen gaýtadan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Käbir daýhanlar göz öňünde tutulan hasyly almak üçin gijelerine tut agaçlarynyň şahalarynyň "awyna" çykýarlar we oba adamlarynyň tut agaçlarynyň şahalaryny rugsatsyz çapýarlar. "Pileçi daýhanlar 10-15 sany adam bolup, oba ýollarynyň gyralaryny aýlanýarlar. Olar ýol gyralaryndaky... Читать дальше...

Aşgabatda geçirilen maslahatda 'suw meseleleriniň halkara hyzmatdaşlygyny talap edýändigi' nygtaldy

Azathabar.com 

Suw serişdeleri Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 22-nji aprelde Aşgabatda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna bagyşlanyp geçirilen maslahatda aýtdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär. Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahata ministrlikleriň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplar gatnaşypdyr. Читать дальше...

Marynyň migrasiýa gullugynda, raýatlaryň nägileliginden soň, barlag geçirilýär 

Azathabar.com 

Türkmenistanda raýatlaryň biometriki pasport almakda çekýän kynçylyklarynyň arasynda Migrasiýa gulluklarynda wagtal-wagtal barlag geçirilýär. Şu günler Marynyň migrasiýa gullugynyň işi barlanýar. Mary welaýatynyň migrasiýa gullugynda güýçli barlaglaryň alnyp barylýandygyny we şu sebäpden pasport taýýarlamak işiniň wagtlaýyn bes edilendigini Azatlygyň habarçysy we ýerli çeşmeler 24-nji aprelde habar berdi. "Bu barlaglaryň başlanmagynyň sebäbi migrasiýa edarasyna barýan adamalaryň öz nägileliklerini görkezmegi sebäp boldy. Читать дальше...

Daşogzuň demirýol menziliniň merkezi ammarynda ýangyn döredi

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatynyň demirýol menziliniň merkezi ammarynda ýangyn döredi. Ýangynyň döremegine ammaryň abatlaýyş bölüminde abatlanýan bir lokomotiwiň hereketlendirijisiniň ot almagy sebäp boldy. "23-nji aprelde giçlik sagat 8 töwereginde Daşoguz şäherindäki demirýol menziliniň 100 metr çemesi demirgazygynda ýerleşýän ammaryň A blogunda ýangyn döredi. Ýangynda lokomotiwiň 50 göterimini emele getirýän hereketlendirijisi 20 tonna dizelden ybarat ýangyç çelegi bilen bilelikde ot aldy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy. Читать дальше...

Reuters: Howa arassalaýyş tehnologiýalary daşky gurşawy goramaga kömek edip biler

Azathabar.com 

Howadaky çapraz üýtgeşmeleriň öňüni almak maksady bilen adamzat daşky gurşawa goýberilýän kömürturşy gazyny düýpli azaltmagy başarman gelýär. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, bu ýagdaý hünärmenleri tehnologiýalary işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga iterýär, şeýle-de bolsa, häzirki tehniki ösüşiň ýanynda, gaty yza galyp gelýär. Bu ýerde gürrüň hapalanan howany “gönüden-göni tutýan” Direct Air Capture (DAC) tehnologiýasy we howanyň arassalanmagy barada gidýär. Bu täze pudagyň öňde baryjysyna... Читать дальше...

Kakada ilat arz-şikaýat edip, gymmat çöregiň bahasyny arzanlatdy

Azathabar.com 

Geçen hepde Ahalyň Kaka şäherinde ýerli ilat döwlet dükanlarynda azyklaryň, hususanda çörek önümleriniň tas iki esse gymmatlamagyna garşy nägilelikli çäre geçirdi. Munuň netijesinde, häkimiýetler ýeňillikli bahadan satylýan çöregiň ozalky nyrhyny gaýtardylar. Bahalaryň birden aşa gymmatlamagyna 20 müň töweregi ilatly şäherde ýerli unuň ýitirim bolmagy sebäp bolupdyr. Bu ýagdaýlar ýurtda subsidirlenen azyk önümleriniň satuwyny doly aradan aýyrmak ähtimallyklarynyň arasynda bolup geçýär. “Geçen duşenbe... Читать дальше...

Türkmenistan goňşulary bilen aradaky söwdany güýçlendirýär

Azathabar.com 

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 263,4 million ABŞ dollaryna deň boldy diýip, “Biznes Türkmenistan” Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär. Ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 218,4 million ABŞ dollaryna barabar bolan bolsa, bu ýurda eden eksporty 45,1 million ABŞ dollaryna deň boldy. Özbegistanyň 2023-nji ýylyň ilkinji üç aýynda daşary söwda dolanyşygy 14,8 milliard ABŞ dollaryna deň bolup... Читать дальше...

“Gazprom” geçen ýyl Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý gaz aldy

Azathabar.com 

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy, ikitaraplaýyn şertnama laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý tebigy gazy satyn aldy diýip, “Biznes Türkmenistan” rus diplomaty Aleksandr Blohiniň “TASS” agentligine aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär. Şeýle-de, Blohin Russiýa bilen Türkmenistanyň gaz saklamak üçin ýerasty ammarlary gurmak maslahatyny edýändigini aýdypdyr. Habarda aýdylmagyna görä, “Gazprom” 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy. Читать дальше...

Gyrgyz resmisi kiril elipbiýiniň üstünde dörän sowuklyk arasynda Moskwanyň süýt gadaganlygyny sorag astyna alýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň ýokary arassaçylyk hünärmeni Merkezi Aziýa respublikasynda 1940-njy ýyllardan soň sowet häkimiýetleri tarapyndan girizilen kiril elipbiýinden ýüz öwürmek baradaky çagyryşlar arasynda, Russiýanyň birden bu ýurtdan edilýän süýt importyny gadagan etmeginiň sebäplerini sorag astyna aldy. Weterinariýa we fitosanitar howpsuzlygy boýunça döwlet gözegçilik gullugynyň müdiri Aşirbaý Jusupow Bişkegiň Russiýanyň ugurdaş gullugyndan resmi habar almandygyny, ýöne Rosselhoznadzoryň "islendik talabyny ýerine ýetirmäge taýýardygyny" aýtdy. Читать дальше...

Türkmenistan suwdan netijeli peýdalanmagyň 'ylmy maslahatyny' geçirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Howanyň üýtgemeginiň çygrynda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy” atly ylmy maslahat geçirildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Emma habarda döwletiň pagta planlary, mejburdy zähmet we onlarça ýyllap bisarpa ulanylan suwuň döreden ýer zaýaçylygy barada hiç zat aýdylmaýar.  22-nji aprelde geçirilen maslahata DIM-niň we degişli edaralaryň wekilleri, diplomatlar, halkara guramalaryň wekilleri, mugallymlar we studentler gatnaşdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *