Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 27.04.2023

Tozanly ýel Aşgabady gaýtadan örtdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň çäginde ýene-de tozanly tupanlar turdy. 25-nji aprelde Aşgabatda bir hepdäniň içinde ikinji gezek tozan we gum bölejiklerini öz içine alýan güýçli ýel boldy. Tozan tupanlary ýurduň dürli ýerlerinde aprel aýynyň başyndan bäri ýüze çykýar.

Türkmenabatda döwlet awtobuslarynyň gatnawy göz-görtele azaldy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda döwlete degişli köpçülikleýin transport serişdeleriniň gatnawy göz-görtele azaldy. Bu şäher ýaşaýjylarynyň transport gatnawynda bökdençlikleri döretdi. Bu barada maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy şäher ilatynyň dadyna hususy awtobuslaryň we minibuslaryň ýetişýändigini aýdýar. "Şu günler irden sagat 7-8 aralygynda şäheriň her bir awtobus duralgasynda 30-40 töweregi adamyň awtobusa ýa-da minibuslara garaşyp durandygyny görse bolýar. Читать дальше...

Satellit suratlary Garagum kanalyndaky suw joşmasynyň gerimini görkezýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda gyş aýlarynda bolan adatdan daşary sowuk howanyň yz ýany, Garagum kanalynda emele gelen buzluklar eräp, kanalyň suwy kenarlary böwüsdi we çöle tarap agdy. Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň seljeren satellit suratlary kanaldaky suw joşmasynyň gerimini görkezýär. Kanaldaky suwuň ýagdaýynyň suratlardaky hronologiýasy Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň doňakçylygyň yz ýany, ýanwar-fewral aýlarynda, Garagum kanalynyň töwereginde dörän başagaýlyk baradaky habarlaryny tassyklaýar. Читать дальше...

Azatlyga çykan öňki bendiler öz jaýlarynda täzeden ýazgyda durmakda kynçylyk çekýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde golaýda azatlyga çykan öňki bendiler öz jaýlarynda gaýtadan ýazgyda durmakda kynçylyk çekýärler. Olardan resminamalaryň ençemesini taýýarlamak we öz maddy serişdeleriniň hasabyna aklawçy tutmak talap edilýär. "Golaýda yglan edilen günä geçişlikde azyndan 11 sany türkmenbaşyly raýat azatlyga goýberildi. Häkimiýetleriň bu raýatlary iş bilen üpjün etmegi beýlede dursun, olar bu raýatlaryň öňki ýaşap oturan we ýazgyda duran jaýlaryna gaýtadan ýazgyda durmagynda... Читать дальше...

Türkmen režiminiň tankytçysynyň ejesini haj zyýaratyna goýbermediler, ýene-de

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň awtoritar dolandyryşyna tankydy garaýan raýatyň 73 ýaşly ejesini Umra hajyny berjaý etmek üçin ýene-de ýurtdan çykarmadylar. Häzir Türkiýede ýaşaýan 50 ýaşlarynyň töweregindäki Hamida Babajanowa türkmen resmileriniň onuň ejesine ‘gaýdyp bu sorag bilen gelmezlik’ barada haýbat atandyklaryny aýdýar. Bu barada “Türkmen Helsinki Fondy” (THF) 24-nji aprelde habar berdi. Daşogzuň Köneürgenç sebitinden bolan Ýakutjan Babajanowa ýurtdan birinji gezek, ýagny 3-nji aprelde çykarylmandy. Читать дальше...

“Dragon Oil” Türkmenistanyň energiýa pudagyna ýene $8 mlrd maýa ýatyrar

Azathabar.com 

BAE-niň “Dragon Oil” nebit kompaniýasy gelýän 15 ýylda Türkmenistanyň energiýa pudagyna azyndan 8 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýmakçy bolýar diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktumyň Türkmenistanyň Dubaýda geçirilýän göçme forumynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi. Bu forum ýurduň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin gurnaldy. “Dragon Oil” kompaniýasy 23 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda... Читать дальше...

Gyrgyz aktiwistlerine, syýasatçylaryna we žurnalistlerine goşmaça aýyp bildirilýär

Azathabar.com 

Oktýabr aýynda Özbegistan bilen baglaşylan gapma-garşylykly serhet şertnamasyna garşy çykandygy üçin tussag edilen 26 gyrgyza, hukuk aktiwistlerine, oppozisiýa syýasatçylaryna we žurnalistlere garşy, tussag edilenleriň käbiriniň aklawçylarynyň 26-njy aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, häkimiýeti ele geçirmek synanyşygynda we häkimiýeti ele almak üçin açyk çagyryş etmekde goşmaça aýyp bildirildi. Bu aýyplamalar olaryň 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmegine getirip bilner. Читать дальше...

Özbek şahyry Muhammet Salyhyň kitaplary Türkiýede neşir edildi

Azathabar.com 

Özbek poeziýasynyň XX asyrdaky iň görnükli wekilleriniň biri Muhammet Salyhyň 13 tomdan ybarat ýygyndysy Stambulda neşir edildi. "Kulliýot" ady bilen çap edilen ýygyndy şahyryň dürli ýyllarda ýazan goşgularyndan düzülipdir. Olaryň ählisi, şol sanda söhbetdeşlikler, türk we ýewropa edebiýatyndan edilen terjimeler, şahyryň rus dilindäki goşgulary we makalalary, publisistik çykyşlary, ylmy-populýar makalalary, Muhammet Salyhyň ömri we döredijiligi baradaky synlar berk hronologiki tertipde toplanypdyr. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *