Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 28.04.2023

Lebabyň ýol gurluşyk kärhanasynda prokuraturanyň barlagy geçýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň gara ýol gurluşyk edarasynda barlaglar geçirilýär. Prokuraturanyň işgärleri kärhananyň alyp barýan işlerini barlaýarlar, şol sanda maliýe hasaplaşyklaryna üns berýärler. Azatlygyň Lebapdaky habarçylary we çeşmeleri ýagdaýyň jikme-jiklikleri barada maglumat berdiler. Şu günler ýol gurluşyk kärhanalarynda prokuratura tarapyndan geçirilýän barlaglar edaralaryň soňky 5 ýylyň dowamynda alyp baran işlerine degişli diýip ýerli habarçylar aýdýarlar. "Prokuraturanyň barlagy zähmet aýlyk haklaryny... Читать дальше...

Türkmenistanda ICQ messenjeri petiklendi

Azathabar.com 

Internet aragatnaşygyny berk gözegçilikde saklaýan Türkmenistanda ICQ messenjeri petiklendi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Balkan we Mary welaýatlaryndaky hem-de Aşgabat şäherindäki habarçylary maglumat berýärler. Şol bir wagtda, häkimiýetler raýatlaryň Internet mümkinçiliklerini çäklendirmegi, şol sanda VPN hyzmatlaryna garşy göreşmegi dowam etdirýärler. ICQ messenjeri günbatar Balkan welaýatynda 27-nji aprelden başlap, elýetersiz boldy. Ýerli ýaşaýjylar bu goşundydan peýdalanmak üçin, mundan beýläk, VPN ulanmaly bolýarlar. Читать дальше...

Gazak suratkeşi terrorçylykda aýyplanyp, ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi

Azathabar.com 

Gazak suratkeşi Dauren Makin terrorçylygy wagyz etmekde aýyplanyp, ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi. Günäkärlenen we onuň tarapdarlary bu jenaýat işiniň syýasy sebäplidigini aýdýarlar. Astana kazyýeti bu hökümi 27-nji aprelde yglan etdi. Özüniň bigünädigini öňe süren Makin hökümden şikaýat etjekdigini aýtdy. Kazyýet işiniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilmegi sebäpli aýyplamanyň jikme-jiklikleri mälim bolmady. Makiniň aklawçysy Žasulan Kömekow biraz öň Makine bildirilýän aýyplamanyň onuň... Читать дальше...

Maryly býujet işgärlerinden kärhanalardaky döwlet baýdaklaryny täzelemek üçin ýene pul ýygnalýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynda býujet işgärlerinden nobatdaky gezek pul ýygnalýar. Bu gezek edara-kärhanalardaky baýdaklary täzelemäge gönükdirilen pul toplamak çäresiniň dowamynda işgärleriň her biri 75 manat tabşyrmaga borçlandyryldy. "Işgärler pul toplanmagyndan juda nägile. Olar toplanýan pullary bialaç berýärler. Köp işgär iş ýerini taşlamak isleýändigini, ýöne başga ýerde iş bolmansoň, mejbury ýagdaýda işleýändigini aýdýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 28-nji aprelde aýtdy. Bellesek... Читать дальше...

AÝ/AR-nyň prezidenti gyrgyz kazyýetiniň “Azattyk Mediany” ýapmak kararyny ýazgardy

Azathabar.com 

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý gyrgyz kazyýetiniň “Azattyk Media” neşiriniň metbugat serişdesi hökmündäki işjeşligini bes etmegi barada gelen kararyna düşündiriş berdi. "Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy" kazyýetiň gözçykgynç kararyndan şikaýat edýär - diýip, AÝ/AR-nyň prezidenti we baş müdiri Jeými Flaý aýtdy. – Biziň taryhymyz adamlaryň, öz hökümetleri tarapyndan senzura sezewar edilýän ygtybarly maglumatlary almak islän halatlarynda, munuň ugur-ýollaryny tapjakdygyny görkezdi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *