Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 06.05.2023

Hepdäniň jemi #18 (06.05.2023 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Türkmen metbugatyndaky ‘öwünjeňlik medeniýeti’ we onuň Türkmenistanyň halkara abraýyna ýetirýän täsirleri barada ýerli ýaşaýjylaryň, synçylaryň pikirleri esasynda taýýarlan gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.

'Memorialyň' Perm şahamçasynyň başlygy Moskwanyň aeroportynda saklandy

Azathabar.com 

Ynsan hukuklarynyň goraýjy "Memorial" guramasynyň Russiýanyň Perm şäherindäki şahamçasynyň başlygy Aleksandr Çernyşew 5-nji maýda Moskwanyň Şeremetýewo aeroportynda Stambul uçaryna münjek mahaly saklandy. "Memorial" topary bu tussag etmäniň topar 2022-nji ýylyň fewralynda ýatyrylandan soňra, häkimiýetleriň Permden Moskwa geçirilmegini talap eden "Memorial" arhiwleri boýunça alnyp barylýan derňewler bilen ilteşikli bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar. Polisiýa mart aýynda Perm şäherindäki "Memorial"... Читать дальше...

Gyrgyz žurnalisti hüjümden soň, hassahananyň agyr bejergi bölümine ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäheriniň “Yntymak” (Raýdaşlyk) telewideniýe we radio kompaniýasynyň bir žurnalisti agyr ýenjildi we ýerli keselhananyň agyr bejergi bölümine ýerleşdirildi. Talgat Talantbek-ulunyň dogan-garyndaşlary 5-nji maýda Azatlyk Radiosyna 23 ýaşly habarçynyň iki gün ozal bolan hüjümde aýagynyň döwlendigini we eliniň ýiti ýaralanandygyny gürrüň berdiler. Oşuň polisiýasy Talantbek-Uuluwa hüjüm etmekde güman edilýän adamyň tutulandygyny aýtdy. Ynsan hukuklaryny goraýjy ýerli... Читать дальше...

Gazak aktiwisti kazyýetiň kararyny bozandygy üçin bäş gün möhlet bilen tussag edildi

Azathabar.com 

Almaty kazyýeti gazak aktiwisti Alnur Ilýaşewiň köpçülikleýin ýygnanyşyklara gatnaşmagyny gadagan edýän kazyýet kararyny bozandygy üçin, ony bäş gün möhlet bilen azatlykdan mahrum etdi.   Kazyýet bu hökümi Ilýaşewiň hasaba alynmadyk bir toparyň ýygnanyşygyna gatnaşmagyndan üç gün soň, 4-nji maýda çykardy. Ilýaşowa 2020-nji ýylyň iýunynda ýalan maglumatlary ýaýratmakda günä bildirilip, üç ýylyň dowamynda köpçülik çärelerine gatnaşmak gadagan edildi. Ol bu karary syýasy matlaply diýip, ret etdi.

Türkmen metbugatynyň 'gara gulpy' açylmaýar

Azathabar.com 

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça ýene bir ýyl iň yzdaky ýurtlaryň hatarynda galdy, pygamber ýaşy dolan öňki prezidentiň 15 ýyllyk wezipesinden çekilip, yzdan gelýän has bilimli nesle orun bermegi hem, ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, türkmen metbugatyna garaşsyzlyk ýyllarynda urlan ‘gara gulpy’ bu golaýda açyp biljege meňzemeýär. Bu ýagdaý raýatlaryň köpüsiniň halk içinde 'öwünme' habarlary adyny alan "Watan" programmasyndan ýüz öwrüp, daşary ýurt telekanallaryna tomaşa etmegine sebäp bolýar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *