Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 22.05.2023

Dünýäde pandemiýanyň doly ýatyrylandygyna garamazdan, Türkmenistan COVID-19 testlerini talap edýär

Azathabar.com 

Bütindünýa saglyk guramasy dünýäde COVID-19 pandemiýasyny doly bes edilendigini yglan eden hem bolsa, koronawirusy öz territoriýasynda bolandygyny ykrar etmedik Türkmenistan pandemik çäklendirmelerini ýatyrmaga howlukmaýar, şol sanda syýahatçylyk üçin test edilmegini talap edýär. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri, koronawirus testiniň, hususan-da Türkiýeden gelýän ýolagçylardan talap edilýändigini habar berdiler. Türkmenistana daşary ýurlardan barýan ýolagçylardan kowid testi alynýar. Читать дальше...

Ýüpekçiler tut ýapraklarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär, mekdeplerde gurçuk ýetişdirilýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ýüpekçileri tut agaçlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýärler, bu aralykda sebitiň käbir orta mekdepleriniň sport zallarynda ýüpek gurçuklary ýetişdirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji maýda sebitden habar berdi. “Bereket etrabynda pileçilere tut agajynyň ýapraklary ýetmeýär... Ýüpek gurçuklaryny ýetişdirmek üçin zerur bolan şertler agyrlaşdy” diýip, ýagdaýdan habarly bir etrap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. Читать дальше...

Türkmenistanyň iň iri gazhimiýa toplumlarynyň birinde köpçülikleýin iş orunlary kemeldilýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatyndaky Gyýanly gazhimiýa toplumynda iş alyp barýan üç daşary ýurt kompaniýasy ýüzlerçe iş ornuny kemeldýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji maýda habar berdi. Maglumata görä, toplumda iş alyp barýan “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” hem-de “TOYO Engineering Corporation” kompaniýalary şu wagta çenli müň töweregi iş ornuny gysgaltdy. Habarçymyz kärhanada dürli wezipelerde işleýän aýrybaşga üç işgäre salgylanyp, köpçülikleýin işden boşatmalaryň on günden gowrak wagt bäri dowam edýändigini habar berdi. Читать дальше...

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda ýük daşamaga başlady

Azathabar.com 

Türkmenistan” awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda haryt daşamagy amala aşyran ilkinji awiakompaniýa boldy diýip, “Türkmenportal” “Nhan Dan” agentligine we “TT Meridian” halkara söwda we logistika kompaniýasyna salgylanyp habar berýär. Habarda aýdylmagyna görä, täze ugur “Turkmenistan Airlines” awiakompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar we awiakompaniýa häzirlikçe Angliýa bilen Wýetnamyň arasyndaky ýeke-täk ýük gatnadyjysy bolup durýar. Bu gatnawyň ikitaraplaýyn söwdanyň ösmegine itergi bermegine garaşylýar. Читать дальше...

Rumyniýada iş taşlan mugallymlar aýlygyň düýpli ýokarlanmagyny talap edýärler

Azathabar.com 

On müňlerçe rumyn mugallymy 22-nji maýda iş hakynyň düýpli ýokarlanmagyny we bilime has köp maýa goýumlaryny talap edip, iş taşlaýyş yglan etdi. 100,000-150,000 çemesindäki başlangyç we orta mekdep mugallymy koalisiýa hökümeti öz talaplaryny ýerine ýetirýänçä, mekdeplerdäki işlerini bes etjekdiklerini avtdylar. Mugallymlaryň kärdeşler arkalaşyklary bilen premýer-ministr Nikolaý Sýukanyň hökümetiniň arasynda 21-nji maýda geçirilen soňky minut gepleşikleri hiç bir ylalaşyga getirip bilmedi. Iş... Читать дальше...

Nobel baýragynyň eýeleri Býalýatskiniň boşadylmagyna çagyrýar

Azathabar.com 

Nobel baýragyna mynasyp bolan 100-den gowrak adam 2022-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan belarus aktiwisti Ales Býalýatskiniň boşadylmagyna çagyrýan hata gol çekdi. Weteran aktiwist mart aýynda gaçakçylyk we salgyt tölemekden gaçmak aýyplamalary bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Hukuk goraýjylar we günbatar hökümetleri onuň uzak wagtlyk awtoritar hökümdar Aleksandr Lukaşenka tarapyndan syýasy sebäpler esasynda jezalandyrylandygyny aýdýarlar. Bu hat dünýä ýazyjylar... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *