Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 16.05.2023

Aşgabatda ýene tozan turdy, Maryda gaýtalanýan çägeli tozan ilatyň jan saglygyna ýaramaz täsir edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri 14-nji maýda öýlän turan güýçli ýeliň yz ýany, ýene tozan astynda galdy. Mary welaýatynda soňky döwürlerde yzygiderli gaýtalanýan çägeli tozan ýerli ilatyň jan saglygyna ýaramaz täsir edýär. Türkmenistanyň dürli sebitlerinde bolup geçýän adatdan daşary howa hadysalary soňky ýyllarda adaty ýagdaýa öwrülip barýar. Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri geçen hepde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde 14-15-nji maý günleri güýçli ýel turmagyna garaşylýandygyny habar berdi. Читать дальше...

Daşoguzda üç mekdep okuwçysynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplanýan polisiýa işgärine 18 ýyl kesildi

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky ýol heläkçiliginde üç mekdep okuwçysynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplanýan polisiýa işgäri uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi. Welaýatdaky habarçymyz we ygtybarly çeşmelerimiz sebitde jenaýata baş goşan kanun goraýjylara bu hili jezanyň örän seýrek berilýändigini aýdyp, suduň bu karary çykarmagyna betbagtçylygyň Azatlyk Radiosynda köpçülige äşgär edilmeginiň täsir edendigini aýdýarlar. "Kanun goraýjylar we polisiýa işgärleri heläkçilige sebäp bolan uly leýtenanty türmä basmajak bolup... Читать дальше...

Özbegistanda ökde hünärmenleri taýýarlamak üçin $1 mlrd harçlanar

Azathabar.com 

Prezident Şawkat Mirziýoýew 15-nji maýda 1-nji iýundan başlap Özbegistanda “20 müň telekeçi - 500 müň taýýarlykly hünärmen” maksatnamasynyň durmuşa geçiriljekdigini habar berdi. Döwlet baştutanynyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, 2023-2024-nji ýyllarda durmuşa geçiriljek programma üçin 1 milliard dollar bölünip berler. Bu serişdeler programma gatnaşýan telekeçilere, pes girdejili maşgalalardan bolan raýatlary işe taýýarlamak we işe almak şerti bilen, has pes göterimlerde we has uzak möhletde karz bermek üçin ulanylar. Читать дальше...

Gowaça meýdanlarynda ýekeleme işlerine badalga berildi, ideg işleri agyr zähmet talap edýär

Azathabar.com 

Şu günler Lebap welaýatynyň gowaça meýdanlarynda ýekelemek işleri alnyp barylýar. Kärendeçi daýhanlar ideg işleriniň agyr ynsan zähmetini talap edýändigini aýdýarlar we, düşewüntsiz oba hojalyk işiniň arasynda, öz maliýe serişdeleriniň hasabyna goşmaça işçi güýjüni hakyna tutmaga mejbur bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. Lebaply pagtaçylar gowaçany ýekelemek işlerine 14-nji maýda girişdi. Daýhanlar sebitde +36 gradusa çenli baryp ýeten yssy howada alnyp... Читать дальше...

Gurbanguly Berdimuhamedow gözden ýiteninden soň, ýene-de döwlet mediasynyň üns merkezinde

Azathabar.com 

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25 gün töweregi jemgyýetçiligiň gözünden ýitirim bolmagyndan soň, döwlet mediasynda yzly-yzyna onuň bilen bagly habarlar çykyp başlady. Mundan öň, onuň mümkin saglyk ýagdaýlary sebäpli Germaniýada gizlin bejergi alan bolmagynyň ähtimaldygy barada, resmi ýagdaýda tassyklanmadyk, maglumatlar gowşupdy. 15-nji maýda Berdimuhamedowlaryň ulusy wise-premýerleriň birnäçesiniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş... Читать дальше...

AI geçen ýyl, Eýranyň öňbaşçylygynda, ölüm jezasynyň görülmedik derejede köpelendigini aýdýar

Azathabar.com 

“Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, alty ýurtda, şol sanda Gazagystanda ölüm jezasynyň ýatyrylmagynyň beren umydynyň tersine, Eýrandaky jezalandyryp öldürmeleriň köpelmegi bilen, dünýäde ölüm jezasynyň berilmegi 2022-nji ýylda bäş ýyl içindeiň ýokary derejesine göterildi. Hukuk toparynyň ölüm jezasy barada 16-njy maýda çap eden ýyllyk hasabatynda aýdylmagyna görä, geçen ýyl dünýäde tassyklanan 883 ölüm jezasynyň 90%-niň Hytaýyň çäginden daşarda ölüm jezasyny ulanýan 20 ýurduň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *