Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 24.05.2023

Edara ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny ýat tutmaly boldular

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary indi öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerini ýatdan bilmeli edildi. Kärhanalarda ýatdan tutuljak kitaplaryň temasy guramanyň alyp barýan işine degişlilikde saýlanýar. Günbatar sebitiň döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary uly Berdymukhamedowyň kitaplaryny ýatdan bilmeli eidlip, bu buýruk ýerli häkimlikler tarapyndan berildi. Talaby ýerine ýetirmek üçin iki aý möhlet berilýär. Möhletiň soňunda ekzamen göz öňünde tutulýar... Читать дальше...

Türkmenabatda ýokary synp okuwçylary dynç gününde TW üçin gurnalan bir köpçülik çäresine çekildi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda dynç güni orta mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylary döwlet telewideniýesinde, görnüşinden, 25-nji maý güni efire bermek maksady bilen gurnalan Soňky jaň dabarasyna çekildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Türkmenistanda käbir baýramçylyk çäreleri we möhüm dabaralar döwlet telewideniýesinde, hamala, baýramçylyk güni bolan ýaly edip görkezmek üçin, öňünden wideo ýazgy edilýär. Döwlet gözegçiliginde guramalaşdyrylýan çärelere ýurt raýatlary... Читать дальше...

Howly jaýlarda ýaşaýan hojalyklar suw zerurlyklaryny ýörite suw howdanlary bilen gidermäge çalyşýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň etraplarynda arassa agyz suwy we ekerançylyk suwlary ýetmezçilik edýär. Günorta-gündogar sebitde howly jaýlarda ýaşaýan hojalyklar özbaşdak suw howdanlaryny gurup, özleriniň suw zerurlyklaryny gidermäge çalyşýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitdäki suw üpjünçiliginiň ýagdaýyny öwrendi. Mary welaýatynyň Murgap, Ýolöten we Baýramly etraplarynda tas her hojalygyň howlusynda ýörite suw howdanlary gurlupdyr. Hojalyklar öz howlularynyň bir künjünde takmynan dört tonna töweregi suw saklamaga ukyply bolan çukurlary gazyp... Читать дальше...

Gurbanguly Berdimuhamedowyň garyndaşy Afrikada guýy gazdyrdy

Azathabar.com 

Kamerunda Türkmenistanyň ozalky prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegeniniň 20 ýaşly oglunyň ady bilen guýy açyldy. Bu Türkiýäniň haýyr-sahawat guramasy tarapyndan guramalaşdyryldy. Bu barada turkmen.news neşiri habar berýär. Sosial torlarda ýerleşdirilen wideoda guýa Begenç Rejepowyň adynyň dakylandygyny görkezýän billlbordy synlasa bolýar. Guýynyň gurluşygy 2 müň dollar bolupdyr. Begenç Rejepow – Hajymyrat Rejepowyň ogly we Annanazar Rejepowyň agtygy. Soňkusy... Читать дальше...

Özbegistanyň howaýollary gazak aktiwistini uçara goýbermedi

Azathabar.com 

Özbegistan Howaýollary adam hukuklary boýunça gazak aktiwisti Galym Agheleuowy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekden özbek paýtagty Daşkende uçmaly uçaryň bortuna goýbermediler. 23-nji maýda ýüze çykan hadysada resmileriň hereketine hiç hili düşündiriş berilmedi. Agheleuow Azatlyk Radiosyna Özbegistanda sud edilmeli garagalpagystanly aktiwistleriň şikaýat diňlenişigine gatnaşmak isländigini aýtdy. Geçen ýylyň iýulynda Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonom respublikasynda ýüze çykan ozal görlüp-eşidilmedik... Читать дальше...

Pakistan Imran Hanyň partiýasyny gadagan etmegi göz öňünde tutýar – goranmak ministr

Azathabar.com 

Pakistan ýurduň ozalky premýer-ministri Imran Hanyň “Tehrik-e Insaf” (PTI) syýasy partiýasyny gadagan etmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Pakistanyň goranmak ministri Khawaja Asif 24-nji maýda aýtdy. “PTI-ýi gadagan etmek meselesine garalýar. PTI döwletiň mizemez esaslaryna hüjüm etdi. Muňa çydam etmek bolmaýar” diýip, Asif žurnalistlere aýtdy. Bu aralykda, PTI-ýiň lideri we ozalky premýer-ministr Imran Han partiýanyň wise-prezidenti we ozalky daşary işler ministri Şah Mehmud Kureşiniň gaýtadan tussag edilendigini aýtdy. Читать дальше...

Moskwanyň sudy WSJ žurnalistiniň deslapky tussaglyk möhletini uzaltdy

Azathabar.com 

Moskwanyň sudy tussaglykdaky ABŞ žurnalisti Ewan Gerşkowiçiň deslapky tussaglyk möhletini uzaltdy. ‘The Wall Street Journal’ (WSJ) neşiriniň habarçysy Gerşkowiç martda Russiýada içalyçylyk aýyplamalary esasynda tussag edilipdi. Ol, onuň işleýän neşiri we ABŞ-nyň hökümeti bu aýyplamalary berk ret edýärler. 23-nji martda Moskwanyň Lefortowo etrap sudy Gerşkowiçiň azyndan 30-njy awgusta çenli tussaglykda saklanmagy boýunça höküm çykardy. Onuň häzirki deslapky tussaglyk möhleti 29-njy maýda tamamlanmalydy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *