Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 25.05.2023

Maryda oba ýaşaýjylaryndan surata düşmek, barmak yzlaryny tabşyrmak we harby gullugy berjaý edendigi hakynda resminama talap edilýär

Azathabar.com 

Maryda, oba ýaşaýjylary ýaşaýan ýerinden resminama almak üçin surata düşmeli, barmak yzlaryny tabşyrmaly we goşmaça maglumat bermeli. Häkimiýetler tarapyndan ýokardan gelen buýruk hökmünde düşündirilen bu täze talap daşary ýurt pasportyny almak üçin uly nobatlaryň, ilat arasynda ýurtdan gitmek islegleriň saklanýan we ýurtdan migrasiýa akymynyň ýokarlanýan wagtynda ýüze çykdy. Mary welaýatyndaky obalaryň ýaşaýjylary, ýaşaýan ýerinden zerur resminamany almak üçin indi surata düşmelidigini we barmak yzyny tabşyryp... Читать дальше...

‘Soňky jaň’ dabaralary pugtalandyrylan gözegçilikde geçdi

Azathabar.com 

25-nji maýda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde “Soňky jaň” çäresi geçirildi. Geçen ýyllaryň tejribesinde bolşy ýaly, uçurymlaryň dabarasy pugtalandyrylan gözegçilik astynda guramalaşdyryldy. Şol bir wagtda, häkimiýetleriň bu dabaralary türkmen milli aýratynlyklaryna laýyklykda geçirmegi tabşyrandygy nygtalýar. “Aşgabadyň mekdepleriniň aglabasynda uçurymlara, esasan hem gyzlara sada we türkmen milli lybaslarynda gelmek tabşyryldy. Bu günki ‘Soňky jaň’ dabarasynda öňküler ýaly kaşaň köýnekler görünmedi. Читать дальше...

Türkmen metbugaty mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň sanynyň 82 müňe golaý bolandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde şu gün “Soňky jaň” dabaralary geçirilýär. Türkmenportal” neşiriniň “Türkmenistan” gazetine salgylanyp ýazmagyna görä, bu ýyl türkmen mekdeplerini 82 müňe golaý okuwçy tamamlaýar. 2022-2023-nji okuw ýylynda Aşgabat boýunça 9 müň 876, Ahal welaýaty boýunça 10 müň 271, Balkan welaýaty boýunça 7 müň 132, Daşoguz welaýaty boýunça 17 müň 342, Lebap welaýaty boýunça 19 müň 295, Mary welaýaty boýunça 17 müň 966 okuwçy orta mekdebi tamamlaýar diýip, habarda aýdylýar. Читать дальше...

Russiýa şwed konsullygyny ýapyp, bäş diplomaty ýurtdan kowýar

Azathabar.com 

Moskwa 25-nji maýda Şwesiýanyň bäş diplomatyny ýurtdan çykarýandygyny, Russiýanyň Göteborgdaky baş konsullygyny we Şwesiýanyň Sankt-Peterburgdaky diplomatik wekilhanasyny ýapýandygyny aýtdy. Russiýanyň Daşary işler ministrligi Şwesiýanyň ilçisi Malena Mardyň söhbetdeşlige çagyrylandygyny we Moskwanyň oňa öz ýurdunyň "gapma-garşylyk kursy" sebäpli görýän ar alyş çäreleri barada habar berendigini aýtdy. "Şwed diplomatlarynyň bäşisini persona non grata diýip yglan etmek kararyna gelindi" diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrligi aýtdy. Читать дальше...

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň gür ilatly Parahat-7 etrapçasynda soňky hepdäniň dowamynda azyndan iki gezek agyz suw üpjünçiligi köpçülikleýin ýagdaýda kesildi. Bu hem öz gezeginde howanyň gyzgynlygynyň 35 gradusdan aşýan bu günlerinde, ýaşaýjylarda köp sanly oňaýsyzlyklary döretdi. 23-nji maýda paýtagtyň gürrüňi gidýän etrapçasynyň 29-njy belgili jaýyny suw bilen üpjün edýän geçiriji ýaryldy. Habarçymyz ýerli resmileriň meseläni diňe ertesi güni giçlik çözmegi başarandyklaryny, bu aralykda bolsa, ilata başga alternatiw... Читать дальше...

Polisiýa gaýnadylan mekgejöweniň köçe söwdasyny nyşana alýar

Azathabar.com 

Mary şäheriniň Gorkut ata köçesiniň ugrunda gaýnadylan mekgejöwen satýan birnäçe köçe söwdagäri ýaňy-ýakynda polisiýa işgärleri tarapyndan nyşana alyndy. Mekge söwdasynyň töwereginde turan galmagal polisiýa bölüminde tamamlandy, häkimiýetler söwdagärleriň harytlaryny ellerinden aldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji maýda sebitden habar berdi. Marynyň şäher polisiýasy “Bagtyýarlyk” we “Läle” bazarlarynyň golaýynda güzeran aýlamak üçin mekgejöwen gaýnadyp satýan aýallaryň köçe söwdasyny dargatdy. Читать дальше...

Türkmenistan demokratiýa görkezijileri barlagynda iň pes bahalaryň birini aldy

Azathabar.com 

Halkara adam hukuklary guramasy "Freedom House" geçiş ýurtlary diýilýände, Ýewropanyň we Aziýanyň ozalky sosialistik blogynyň bir bölegi bolan döwletlerde geçirilen demokratiýa barlaglarynyň nobatdaky ýyllyk netijelerini çap etdi. Geçirilen barlaglarda demokratiýanyň derejesi ýokary demokratik dolandyryş, saýlaw prosesi, raýat jemgyýeti, garaşsyz metbugat, ýerli demokratik dolandyryş, kazyýet garaşsyzlygy we korrupsiýa ýaly ýedi kriteriýa esasynda kesgitlenilýär. Bu görkezijileriň ählisinde Türkmenistan... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *