Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 26.05.2023

Polisiýa gaýnadylan mekgejöweniň köçe söwdasyny nyşana alýar

Azathabar.com 

Mary şäheriniň Gorkut ata köçesiniň ugrunda gaýnadylan mekgejöwen satýan birnäçe köçe söwdagäri ýaňy-ýakynda polisiýa işgärleri tarapyndan nyşana alyndy. Mekge söwdasynyň töwereginde turan galmagal polisiýa bölüminde tamamlandy, häkimiýetler söwdagärleriň harytlaryny ellerinden aldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji maýda sebitden habar berdi.

‘Soňky jaň’ dabaralary pugtalandyrylan gözegçilikde geçdi

Azathabar.com 

25-nji maýda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde “Soňky jaň” çäresi geçirildi. Geçen ýyllaryň tejribesinde bolşy ýaly, uçurymlaryň dabarasy pugtalandyrylan gözegçilik astynda guramalaşdyryldy. Şol bir wagtda, häkimiýetleriň bu dabaralary türkmen milli aýratynlyklaryna laýyklykda geçirmegi tabşyrandygy nygtalýar.

Maryda oba ýaşaýjylaryndan surata düşmek, barmak yzlaryny tabşyrmak we harby gullugy berjaý edendigi hakynda resminama talap edilýär

Azathabar.com 

Maryda, oba ýaşaýjylary ýaşaýan ýerinden resminama almak üçin surata düşmeli, barmak yzlaryny tabşyrmaly we goşmaça maglumat bermeli. Häkimiýetler tarapyndan ýokardan gelen buýruk hökmünde düşündirilen bu täze talap daşary ýurt pasportyny almak üçin uly nobatlaryň, ilat arasynda ýurtdan gitmek islegleriň saklanýan we ýurtdan migrasiýa akymynyň ýokarlanýan wagtynda ýüze çykdy.

Mary-Türkmenabat gara ýolunyň ýaramazlygy mätäç maşgalalara girdeji berýär 

Azathabar.com 

Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda gurlan gara ýollar ýüzlerçe kilometre uzaýar we şäherleriň, şeýle-de uly bolmadyk ilatly ýerleriň üstünden geçýär. Awtomobil magistrallarynyň ugrunda söwda nokatlaryny, gök-önüm, miwe bakja önümlerini we beýleki azygy satýan adamlary görmek bolýar. Habarçylar soňky döwürde ýol ugrunda gazanç etmäge çalyşýan garyp adamlaryň ýoluň jaýryklaryny "bejermek" ýaly täze usuly özleşdirýändigini gürrüň berýärler. "Mary -Türkmenabat ýoly has erbet bozulypdyr. Bu ýoldan geçmek sürüjilere we ýolagçylara has howply. Читать дальше...



Garagum kanalyndaky suw joşmasy ‘inli geçirijiler bilen galdyrylan bendiň’ netijesinde beklendi

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýylyň başynda adatdan daşary sowuk howa sebäpli Garagum kanalynda emele gelen buzluklaryň netijesinde dörän suw joşmasyny uly diametrli geçirijiler bilen galdyrylan bendiň kömegi bilen saklamak başartdy. Mundan ozal bir hepdeden hem aşa wagt dowam eden synanyşyklar, şol sanda suwuň böwsüp çykan ýerini çägeli haltalar bilen ýapmak tagallalary netije bermändi. Bu barada ýanwarda ýüze çykan başagaýlygyň jikme-jiklerini öwrenen habarçymyz maglumat berdi. Ýanwaryň ortalaryndan başlap... Читать дальше...

Prokuror täjik žurnalisti Fozilowa ýedi ýyldan gowrak iş kesilmegini soraýar

Azathabar.com 

Täjigistanda geçirilen ýokary derejeli kazyýet işinde prokuror žurnalist Hurşed Fozilowy gadagan edilen toparyň işine gatnaşmakda aýyplap, 7 ýarym ýyl azatlykdan mahrum etmegi sorady. Fozilowyň garyndaşlary Azatlyk Radiosyna prokuroryň bu talaby 25-nji maýda, demirgazykdaky Hujand şäherinde başlanan kazyýet işiniň ilkinji gününde öňe sürendigini aýtdylar. Fozilow mart aýynyň başynda tussag edileli bäri özüniň bigünädigini aýdyp gelýär. 37 ýaşly, üç çaganyň kakasy bolan garaşsyz žurnalist birnäçe garaşsyz habar beriş serişdesi... Читать дальше...

Hukuk toparlary "Talybanyň" aýal-gyzlara garşy girizen çäklendirmelerini "adamzada garşy jenaýat" atlandyrýar

Azathabar.com 

Iň ýokary hukuk toparlarynyň ikisi 26-njy maýda “Talyban” tarapyndan Owganystandaky aýal-gyzlara garşy girizilen ýowuz çäklendirmeleri jynsy ýanamalar esasynda adamzada garşy edilýän jenaýat hökmünde ýazgardy. Halkara Günä geçiş guramasy bilen Halkara Hukukçylar geňeşiniň (ICJ) täze hasabatynda “Talybanyň” owgan aýal-gyzlarynyň hukuklaryny basyp ýatyrmagynyň, “tussaglyk, zor bilen ýitirim edilmek, gynamalar we beýleki ýowuz daraşmalar” bilen bilelikde, Halkara jenaýat kazyýeti tarapyndan jynsy... Читать дальше...

Rus ilçisi täjik raýatlarynyň köpçülikleýin tussag edilmegi sebäpli DIM-e çagyryldy

Azathabar.com 

Russiýanyň Täjigistandaky ilçisi Semýon Grigoriýew 24-nji maýda, Russiýada köpçülikleýin tussag edilen täjik raýatlary baradaky maglumatlar arasynda, Daşary işler ministrligine çagyryldy. "Duşuşykda ilçiniň ünsi Russiýanyň çäginde dürli bahanalar bilen köpçülikleýin tussag edilen täjik raýatlary barada çykan maglumatlar sebäpli dörän alada çekildi" diýip, Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda çap edilen habarda aýdylýar. Täjik häkimiýetleri "bar bolan we ýüze çykýan migrasiýa meselelerine bilelikde jogap bermegiň zerurdygyny... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *