Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 28.05.2023

Türkiýede prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär

Azathabar.com 

28-nji maýda Türkiýede prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär. Saýlawlarda Türkiýäni eýýäm 20 ýyl çemesi dolandyrýan häzirki prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen oppozisiýadan kandidat Kemal Kylyçdaroglu bäsleşýär. Saýlawlaryň birinji tapgyry 14-nji maýda geçirildi. Emma onuň netijeleri boýunça, dalaşgärleriň hiç biri ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň 50%-ni alyp bilmedi. Türkiýäniň häzirki prezidentlik saýlawlary ýurduň respublika hökmündäki taryhyndaky iň dartgynly ses berişlikleriň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Читать дальше...

Eýran güýçleri we “Talyban” serhet ýakada çaknyşdylar, üç adam öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň Eýran bilen serhedinde dörän garşylyklaýyn ok atyşlykda eýranly iki serhetçi we bir “Talyban” söweşijisi öldürildi. 27-nji maýda bolan hadysa iki ýurduň arasyndaky suw meselesi babatyndaky dartgynlylyklaryň arasynda ýüze çykdy. Taraplaryň ikisi-de ok atyşyga jogapkär bolmakda birek-biregini aýypladylar.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *