Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 15.05.2023

Türkmenabatda raýatlaryň gijeki hereketine gözegçilik güýçlendi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda häkimiýetler raýatlaryň gijeki hereketine gözegçiligi güýçlendirdiler. Polisiýa işgärleri gije sagat 9-dan soň köçede gezelenç edýän ýaş oglanlary polisiýa bölümine alyp gidýärler. Şeýle-de, olar telekeçilerden hususy dükanlary agşam sagat 10-dan öň ýapmagy talap edýärler. Azatlyk Radiosynyň bu barada maglumat berýän habarçysy bu ýagdaýlaryň Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen bagly maý aýynyň 25-nde geçirilýän "Soňky jaň" dabaralary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Читать дальше...

Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik prezidenti Emomali Rahmon bilen telefonda gürleşendigi aýdylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, 15-nji maýda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen telefonda gürleşdi diýip, “Türkmenportal” neşiri täjik lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Taraplar sebitdäki ýokary derejeli çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy, hususan-da şu ýyl Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Täjigistanda geçiriljek mejlisleri barada pikir alşyldy diýip, resmi habarda bellenilýär. Читать дальше...

Lebapda biometriki pasport üçin sentýabra nobat berilýär. Aşgabadyň aeroportunda käbir ýolagçylar uçara goýberilmeýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň ýurtdan çykmagyny barha kynlaşdyrýan ýaly bolup görünýär. Ýurtda raýatlaryň biometriki pasport almak bilen bagly kynçylyklary saklanýarka, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy bu proses bilen bagly goşmaça maglumatlary berdi. Häzirki wagtda Döwlet Migrasiýa gullugynyň sebitdäki edarasy biometriki pasport almak isleýän raýatlara sentýabr aýyna nobat berýär. Bu aralykda, Aşgabadyň aeroportunda koronawirus resminamalary bolmadyk käbir ýolagçylar uçara... Читать дальше...

Gaz ýatagyndaky işçileriň iş taşlaýşy sebäpli, Eýran sekiz adamy tussag etdi

Azathabar.com 

Eýran häkimiýetleri ýurduň günortasyndaky esasy gaz meýdançasynda işçileriň iş taşlamagyna "ýolbaşçylyk eden" üçin sekiz adamy tussag etdi diýip, ýerli metbugat 14-nji maýda habar berdi. "Günorta Pars taslamasyndaky iş taşlaýşyň sekiz esasy ýolbaşçysy aňtaw gullugy tarapyndan tussag edildi" diýip, ýerli häkimiň orunbasary Akbar Pourat aýtdy. “Tasnim” habar gullugynyň maglumatyna görä, Eýranyň Katar bilen bilelikde özleşdirýän Günorta Pars/Demirgazyk Gümmez ýatagy dünýädäki iň uly gaz gorlaryna eýe bolup, onda 40,000 töweregi adam işleýär.

Türkiýede, görnüşinden, prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tury geçiriler

Azathabar.com 

Türkiýede 14-nji maýda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda dalaşgärleriň hiç biri ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň 50% çägini geçip bilmedi. Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki TRT kanalynyň maglumatyna görä, häzirki wagt býulletenleriň 98,3% töweregi sanalyp, häkimiýet başyndaky Rejep Taýyp Erdogan sesleriň 49,34%-ni, onuň esasy garşydaşy, birleşen oppozisiýanyň dalaşgäri Kemal Kylyçdaroglu bolsa 45%-ni alypdyr. Bu deslapky netijeler bolup, soňky görkezijiler birnäçe günüň dowamynda aýan ediler. Читать дальше...

HPG Türkmenistanyň jemi içerki önüm ösüşiniň biraz peseljekdigini çaklaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň hakyky hakyky ösüşi 2023-nji ýylda 2,3% bolar diýlip çaklanylýar. “Trend” neşiri bu habary Halkara pul gaznasynyň (HPG) sebitleýin ykdysady synynyň soňky netijelerine salgylanyp berdi. Maglumata görä, Halkara pul gaznasynyň öňki çaklamasynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň hakyky ösüşi 2,3% bolar diýlip çaklanyldy. HPG 2024-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň hakyky ösüşiniň 2,1% boljakdygyny çaklaýar. HPG-nyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda... Читать дальше...

Erdogan prezident saýlawlarynda öňe saýlanýar. Sesleriň sanalmagy dowam edýär

Azathabar.com 

Türkiýäniň prezidenti, ýurduny 20 ýyl bäri barha berk gözegçilikde saklaýan Rejep Taýyp Erdogan, deslapky netijelere görä, prezident saýlawlarynda biraz öňe saýlanýar. Sesleriň sanalyp gutarylmagyna golaýlamagy bilen, “Anadolu” döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Erdogan 49,3% ses, onuň esasy garşydaşy, oppozisiýa lideri Kemal Kylyçdaroglu 45 göterim ses aldy. Sesleriň sanalmagy dowam edýär. “Roýters” habarlar gullugynyň bellemegine görä, ilkinji netijeleriň Erdogan üçin amatly bolmagyna garaşylýar... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *