Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2023

Новости за 11.05.2023

Maryda günebakar ýagy we şeker ýene gymmatlady

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň bazarlarynda we söwda dükanlarynda günebakar ýagynyň we şekeriň bahasy ýene gymmatlady. Azyk önümleriniň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagy ilat köpçüligini aladalandyrýan esasy meseleleriň biri bolup durýan mahaly, sebitde käbir önümleriň bahalary durnuklylygyny saklaýar. "Soňky bir aýyň dowamynda Maryda käbir azyk önümleriniň bahalary yzygiderli üýtgäp durýar. Şu günler günebakar ýagynyň we şekeriň bahasy ýokarlanýar. Geçen aýyň ahyrynda 1 litri 20 manada, käbir günlerde ondan... Читать дальше...

Erdogan pikir soramalarynda saýlaw bäsdeşi Kylyçdarogludan yza galýar

Azathabar.com 

“Konda” pikir soraýyş guramasynyň dördünji gündäki pikir soramalary Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň şu hepdäniň aýagynda geçiriljek prezident saýlawlarynyň alnynda öz esasy bäsdeşi Kemal Kylyçdarogludan bäş göterim derejesinde yza galýandygyny görkezdi. Pikir soramalarynyň jogaplary Erdoganyň 43,7%, Kylyçdaroglunyň 49,3% goldaw alýandygyny görkezýär. Bu birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan köplükden az bolup, 28-nji maýda saýlawyň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini we... Читать дальше...

Daşoguzda üç ýigit "pul üçin" dostuny öldürdi

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda dört dostuň arasynda pul üstünde dörändigi aýdylýan dawa-jenjelde bir adam öldi. Ýerli kanun goraýjy edaralaryň işgärleri merhumyň üç dosty tarapyndan zeýkeş kanalyna akdyrylandygy aýdylýan jesedi tapmaga çalyşýarlar. Bu waka barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy we etrap polisiýasyndaky çeşmelerimiz maglumat berdiler. "Waka 9-njy maý güni etrabyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginde boldy. Şol güni ýedi sany dost obanyň günortasyny kesip geçýän 'Derýalyk'... Читать дальше...

Türkmenistan, Täjigistan hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekdi, Magtymguly mekdebiniň düýbi tutuldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyrýan iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde, türkmen we täjik wekiliýetleri 23 sany hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdi. Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 10-njy maýda türkmen kärdeşini Duşenbäniň “Kasri Millat” köşgünde kabul etdi. Liderleriň ikiçäk geçiren duşuşyklarynyň yz ýany, täjik we türkmen wekiliýetleri giňeldilen düzümde gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň netijesinde taraplar hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdi. Читать дальше...

Gurbanguly Berdimuhamedow nirede?

Azathabar.com 

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow eýýäm üç hepde töweregi wagt bäri jemgyýetçilik gözünden ýitirim boldy. Döwlet mediasynda ýurduň syýasy durmuşynda henizem kesgitleýji roly oýnaýan uly Berdimuhamedowyň geçirýän maslahatlary, daşary ýurt resmileri bilen gepleşikleri, galyberse-de gurnaýan gezelençleri barada habarlar asla ýok. Ýogsa, ozallar döwlet telewideniýesinde onuň şahsyýet kultuny dabaralandyrýan reportažlar günde-günaşa efire berilýärdi. Galyberse-de... Читать дальше...

Ýellen bergi meselesiniň çözüljekdigini aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň golaýlap gelýän bergi çäginiň üstündäki gapma-garşylygyň dünýä ykdysadyýetine abanýan iň uly howplaryň biri bolmak ahtimallygy bilen, Uly ýediligiň, dünýäniň senagat taýdan ösen iň baý ýurtlarynyň maliýe liderleri 11-nji maýda Ýaponiýadaky duşuşyklaryna başlaýarlar. ABŞ-nyň Gazna sekretary Janet Ýellen Ýaponiýanyň deňiz kenaryndaky Niigatada özüniň ileri tutýan meseleleriniň biriniň dünýäniň iň uly ykdysadyýetinde milli berginiň çägi üstünde dörän gapma-garşylygy çözmegiň möhümdigini nygtamak boljakdygyny aýtdy. Читать дальше...

Iki garagalpak aktiwistine, protestler sebäpli, gaýybana ýyl kesildi

Azathabar.com 

Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynyň bosgunlykda ýaşaýan iki aktiwisti, geçen ýyl Garagalpagstanyň paýtagty Nukusda bolan köpçülikleýin protestler sebäpli, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň metbugat sekretary Aziz Obidow 10-njy maýda Amanbaý Sagidullaýewiň we Nietbaý Orazbaýewiň Özbegistanyň konstitusiýa düzgünini bozmak synanyşygy, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramak, jemgyýetçilik howpsuzlygyna we bedene zyýan ýetirmek wehimini... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *