Baýden Berdimuhamedowa sagbol aýtdy
Owganystanda ýigrimi ýyl töweregi dowam eden uruşdan soňra ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler awgustyň ahyrynda Owganystandan goşun çekdi. Muňa gabat, Günbatar ýurtlary, şol sanda ABŞ Owganystandan öz raýatlaryny çykarmak işlerine bat berdi.
Jo Baýdeniň Berdimuhamedowa iberen hatynda Türkmenistanyň üstaşyr uçuşa, uçarlara ýangyç guýulmagyna we ýolagçylaryň barmaly ýerlerine äkidilmegine berlen ýardamlar üçin minnetdarlyk bildirilýär.
ABŞ prezidentiniň Berdimuhamedowa iberen hatynyň senesi aýdylmaýar. Ýöne hatyň türkmen metbugatynda çap edilýän senesi ABŞ senatorlarynyň türkmen prezidentine hat iberip, ondan syýasy tussaglary boşatmagy soraýan wagtyna hem-de ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Türkmenistany din azatlyklary boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň hataryna goşýan wagtyna gabat gelýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümeti Türkmenistanda ynsan hukuklaryny berk çäklendirmekde, özge pikirleri basyp ýatyrmakda, raýat we syýasy azatlyklary, şol sanda söz we metbugat azatlygyny ýowuz çäklendirmekde tankyt edilýär.
