Gyrgyzystan we ABŞ gyrgyzystanlylar üçin wiza ýeňilligini maslahatlaşdy
Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew Astanada (Gazagystan), Merkezi Aziýa+ABŞ duşuşygynyň çäginde ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşanda, gyrgyzystanlylara ABŞ barmak üçin wiza ýeňilligi meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, taraplar hyzmatdaşlyk ugurlarynyň geljegini, 2023-nji ýyldaky hyzmatdaşlyk planlaryny, söwda-ykdysady we sermaýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
"Ministr Kulubaýew täze tehnologiýalar we häzirki zaman önümçiligi bolan amerikan kompaniýalaryny ýaşyl ykdysadyýete, energiýa, sanlaşdyrmaga we beýleki ugurlara çekmäge gyzyklanma bildirdi" diýip, ministrlik aýtdy.
Şeýle-de, taraplar Gyrgyzystanyň raýatlaryna amerikan wizalarynyň berilmegini ýeňilleşdirmek we optimallaşdyrmak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga, Blinkeniň metbugat wekili Ned Praýsyň Döwlet departamentiniň saýtynda çap edilen beýanatynda aýdylmagyna görä, döwlet sekretary Gyrgyzystanda adam hukuklaryny we esasy azatlyklary, şol sanda parahatçylykly ýygnanyşmak azatlygyny, metbugat azatlygyny, döwletden aýry guramalary we raýat jemgyýetini goramak zerurlygyny nygtady.