Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Türkmen prezidenti Bakuwda azeri kärdeşi bilen duşuşdy

0
Türkmen prezidenti Bakuwda azeri kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2-nji martda Azerbaýjana eden iş saparynyň çäginde Azarbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen duşuşdy.

Ol Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmaga geldi.

“...Serdar Berdimuhamedow COVID-den soňky dikeldiş döwrüniň ähli sanalyp geçilen wezipeleriniň diňe pugta parahatçylyk we deňhukuklylyk şertlerinde mümkindigini belläp, geljekde goşulyşmaýan ýurtlary ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy gazanmak ugrundaky göreşde öz birleşdirilen çemeleşmelerini güýçlendirmäge çagyrdy” diýip, TDH-nyň habarynda bellenýär.

Türkmen prezidentiniň pikiriçe, “gapma-garşylyklary we dartgynlylygyň güýjemegini ýeňip geçmeli, döwletara gatnaşyklarynda hormatlamak medeniýetini, ynanyşmagy we öňünden çaklamagy gazanmaly”.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Ylham Aliýew bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň prezidenti iki ýurduň energiýa, pagta ösdürip ýetişdirmek, ulag we maýa goýum ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, ulag we üstaşyr gatnaw gurmak mümkinçilikleriniň ösdürilýändigini, munuň geljekde türkmen harytlaryny Azerbaýjanyň çäginden daşamak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň ýurtda pandemiýa döwründe ölen adamlar barada beren delilli maglumatlaryna garamazdan, Türkmenistan öz çäginde COVID bilen kesellän adamlaryň bolandygyny resmi taýdan ykrar etmedi.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *