Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Sebit kanun çykaryjysy Putiniň ýüzlenmesini ýaňsylamakda aýyplandy

0

Russiýanyň Samara sebitiniň kanun çykaryjysy Mihail Abdalkin, prezident Wladimir Putiniň kanun çykaryjylara ýyllyk ýüzlenmesini ýaňsylandygy üçin, Russiýanyň ýaragly güýçlerini abraýdan düşürmekde aýyplandy.

Onuň garşysyna gozgalan adminstratiw iş boýunça 7-nji martda, Nowokuýbişewsk şäher kazyýetinde diňlenişik geçiriler.

Eger-de günäli tapylsa, Abdalkine jerime salnyp biler.

Abdalkiniň Putiniň 21-nji fewralda eden çykyşyny gulagyndan aş asyp diňleýänini görkezýän suraty internetde ýaýrady.

Rus dilinde "kimdir biriniň gulagyndan aş asmak" jümlesi onuň "birlerini aldaýandygyny, ýalan sözleýändigini" aňladýar.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *