Türkmenistanyň rus gallasyna mätäçligi saklanyp galýar
Her ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýändigini aýdýan Türkmenistan Russiýadan galla import edýär. Hökümetçi neşir bu malumaty “Rosselhoznadzoryň” resmi web sahypasynda salgylanyp çap etdi.
Orýol we Kursk sebitlerinden Türkmenistana iberilen oba hojalyk ekinleriniň sanawynda bugdaý, mekgejöwen, zygyr, raps, arpa, süle, günebakar, soýa noýbasy bar diýip, “Türkmenportal” Aşgabadyň bu iki sebitden eden importynyň möçberini anyklaşdyrmazdan belleýär.
Türkmen häkimiýetleri garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri bugdaý garaşsyzlygyny gazanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek tagallasyny edýärler we soňky ýyllarda ýurduň eksport edýän oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylandygy habar berilýär.
Emma muňa garamazdan, oba hojalygyndaky tebigy we emeli kynçylyklar, öndürilen hasylyň hakyky möçberleri açyk aýdylman, sowet ýyllarynda adat bolan “Hasyl toýy” dabaralary dowam etdirilýär, edilýän azyk importynyň möçberleri açyk aýdylmaýar.
Şol bir wagtda, soňky onýyllyklarda türkmen daýhanlarynyň ýyl-ýyldan garyp düşendigi, oba infrastrukturasyna ýeterlik ideg edilmeýändigi we suw desgalarynyň uly döwlet serişdeleriniň goýberilmegine hem-de düýpli arassalanmagyna mätäçdigi habar berilýär.