Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Ysraýyl Türkmenistanda hemişelik ilçihanasyny açar

0
Ysraýyl Türkmenistanda hemişelik ilçihanasyny açar

Ysraýyl öňki sowet respublikasy bolan Merkezi Aziýa döwletinde, Türkmenistanda hemişelik ilçihanasyny açar diýip, daşary işler ministri Eli Kohen bazar güni aýtdy.

Açylyş dabarasy Ysraýylyň Eýranyň ýene bir musulman goňşusynda, Azerbaýjanda ýewreý döwletiniň ilkinji ilçihanasyny açýan wagtyna gabat gelýär.

Bu iki diplomatik ädim Ysraýylyň sebitdäki täsiriniň güýçlenýändigini görkezýär diýip, ysraýyl metbugaty belleýär.

Ysraýylyň ýokary derejeli diplomaty ýakyn wagtda Türkmenistana baryp, paýtagt Aşgabatda resmi missiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşar diýip, habarda bellenýär.

"Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar möhüm we strategiki, bu ädim gatnaşyklary has-da güýçlendirer we hyzmatdaşlygymyzy artdyrar" diýip, Kohen twitterde ýazdy.

Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, 28-nji fewralda daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Aşgabatda Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa we Günbatar Balkan ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy Ýuwal Fuhsah bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alşyldy.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *