Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Berdimuhamedow gurluşyklaryň depgininden nägile bolup, sport ulaglarynda 'ussatlygyny' görkezdi

0
Berdimuhamedow gurluşyklaryň depgininden nägile bolup, sport ulaglarynda 'ussatlygyny' görkezdi

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýallygyndan nägile boldy diýip, türkmen metbugaty hepde ahyrynda habar berdi.

Öňki prezident öz nägileliklerini Ministrler kabinetiniň başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowa ýüzlenip aýtdy we olaryň ýol berlen kemçiliklere kanun esasynda jogap bermeli boljakdygyny duýdurdy. Emma habarda resmileriň ýol beren kemçilikleri anyklaşdyrylmady.

Uly Berdimuhamedow “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda, şeýle-de Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkezleriniň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Şeýle-de ol şäheriň günorta böleginde gurulýan medeni-seýilgäh toplumyna baryp, birnäçe şekil taslamasy bilen tanyşdy, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.

Mundan başga, türkmen telewideniýesi 5-nji martda öňki prezidentiň gymmat bahaly sport ulaglarynda öz sürüjilik 'ussatlygyny' görkeziişini görkezdi.

G.Berdimuhamedow prezident bolan ýyllarynda uly gurluşyk taslamalaryny tassyklap, olaryň gurluşygyna elin gözegçilik etmek, desgalaryň öz wagtynda gurulmagyny talap etmek, kadrlary ýygy-ýygydan çalyşmak gylyklary bilen ýatda galdy.

Ýöne synçylar we hünärmenler ýurtda gurulýan desgalaryň hiliniň öwerlik däldigini öňe sürýärler.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *