Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Aşgabatda 8-nji marta bagyşlanan kitap ýarmarkasy geçirildi

0
Aşgabatda 8-nji marta bagyşlanan kitap ýarmarkasy geçirildi

“Gülzemin” söwda we dynç alyş merkezinde kitap ýarmarkasy geçirildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

8-nji mart, Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen ýarmarkada çagalar üçin çykarylan kitaplar, “Ýaşlyk” teleýaýlymynyyň “Siziň üçin, körpeler!” gepleşigi, Gurjak teatrynyň, Döwlet sirkiniň taýýarlan sahnalary görkezildi diýip, habarda bellenýär.

Şeýle-de, ýarmarkada dürli ýaşly çagalara niýetlenen kitaplaryň satylandygy aýdylýar, emma satylan kitaplaryň hiç biriniň ady agzalmaýar.

Bu çäre Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralypdyr.

Türkmenistanda 1980-nji ýyllaryň aýagynda, 1990-njy ýyllaryň başynda döredilen hususy neşirýatlar köpçülikleýin ýapyldy we döwlet wagyzçylygyna goşulmaýan, tankydy pikirlenýän ýazyjy-şahyrlaryň onlarçasy dilden berlen tabşyryk esasynda “gara sanawa” salyndy.

Muňa derek, ýurtda ilki birinji prezidentiň, soňra ikinji prezidentiň kitaplarynyň monopolisiýasy döredildi.

Synçylar bu ýagdaýyň ýurtda kitap okamak medeniýetiniň peselmegine, umumy düşünjäniň daralmagyna alyp gelendigini aýdýarlar.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *