Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Türk oppozisiýasy prezidentlige bir kandidat hödürleýär

0
Türk oppozisiýasy prezidentlige bir kandidat hödürleýär

Türkiýäniň alty partiýadan ybarat oppozisiýasy, “Halk bileleşigi” ýaranlygy tarapyndan prezidentlige ýeke-täk kandidat hökmünde Kemal Kylyçdaroglu hödürlenýär.

74 ýaşly syýasatçy Türkiýäniň ilkinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan döredilen Jemhuriýet halk partiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

“Euronews” neşiriniň habar bermegine görä, oppozisiýadan bir kandidat hödürlemek üçin geçirilen gepleşikler kyn boldy. Hususan-da, "Iýi" partiýasynyň lideri Meral Akşener bu kandidat meselesinde ylalaşmady.

Ozalky içeri işler ministri, partiýasy oppozisiýa blogunda ikinji orunda durýan Akşener, Kemal Kylyçdaroğlunyň garşydaşlary hökmünde, Stambulyň häkimini we Ankara şäher häkimini goldaýar.

Ol, eger-de oppozisiýa ýeňiş gazansa, Ankaranyň häkiminiň we Stambulyň häkiminiň wise-prezident boljakdygy barada wada berlensoň, “Halk bileleşigini” terk etmezlige razy boldy.

Türkiýede şu ýazda geçirilmeli prezident saýlawlarynda öz dalaşgäri ýeňiş gazansa, oppozisiýa döwlet baştutanynyň käbir ygtyýarlyklaryny çäklendirmegi we parlament ulgamynyň elementlerini güýçlendirmegi teklip edýär diýip, “Roýters” habar berýär.

Rejep Taýyp Erdogan 10-njy martda saýlawlara taýýarlyk görmek baradaky karara gol çekjekdigini aýtdy.

Bu karara gol çekileninden soň, 14-nji maýda geçiriljek ses berişlik bilen tamamlanmagyna garaşylýan 60 günlük döwür başlanar.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *