Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Balkanda nas satýanlara we atýanlara garşy giň gerimli reýdler geçirilýär

0
Balkanda nas satýanlara we atýanlara garşy giň gerimli reýdler geçirilýär

Şu günler Balkan welaýatynyň häkimiýetleri nas satýanlara we atýanlara garşy giň gerimli reýdleri geçirýärler. Türkmenbaşy şäherinde býujet işgärleriniň käbirine "nas atýanlaryň işden boşadyljakdygy" duýdurylýar. Bu çäreleriň arasynda, sebitde nasyň bahasy 200%-e çenli gymmatlady. Şol bir wagtda, import edilen çilimleriň bolçulygy emele gelip, olaryň bahasy 20%-e çenli arzanlady.

"Bu, megerem, Türkmenistanyň taryhyndaky iň giň gerimli reýdler bolsa gerek. Nas satýanlar gözlenýär. Polisiýa işgärleri köçelere gözegçiligi hem güýçlendirip, şäher ilatynyň nas atyp atmaýandygyny barlaýarlar. Hatda polisiýa işgärleriniň özlerini hem barlaýarlar. Söwda nokatlaryndaky we hususy dükanlardaky erkek satyjylary hem barlaýarlar. Hatda olaryň jübülerini hem barlaýarlar. Nas satýanlara we atýanlara ýüzlerçe manada çenli jerime salynýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Sebitiň döwlete degişli edara kärhanalarynyň aglabasynyň ýolbaşçylary öz işgärlerine "nas atýanlaryň işden boşadyljakdygyny" hem duýdurýarlar. Şeýle duýduryşlar sebitiň jemgyýetçilik awtobuslarynda we döwlet taksilerinde sürüji bolup işleýän raýatlara edildi.

Türkmenistanda nasy saklamak, öndürmek we ulanmak gadagandyr. Ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 80-nji maddasynda "nasyň satmak maksady bilen uly bolmadyk möçberde taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi we satylmagy binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär" diýilýär.

Muňa garamazdan, häkimiýetleriň mundan ozalky ýyllarda nasa garşy gören çäreleriniň gerimi häzirki ýaly giň gerimde bolmandy. Azatlyk häzirki çäreler barada ýerli Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne ýerli polisiýa ofiserleriniň birnäçesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, bu reýdler ýurtda nasa garşy berk çäre görmek barada ýerli kanun goraýjy edaralara "ýokardan gelip gowşan tabşyryk bilen baglanyşykly".

"Bu çäräniň çaginde nasyň söwdasyny doly ýatyrmak, naskeşleriň sanyny ýiti çäklendirmek göz öňünde tutulýar" diýip, ýerli polisiýa ofiseri aýtdy.

Şol bir wagtda, temmäki önümleriniň söwdasyny edýän ýerli telekeçileriň birnäçesiniň sözlerine görä, bu çäreleriň sebäpleri "täsirli döwlet emeldarlarynyň ýakyn töwereginiň ýurda uly mukdarda çilim getirendigi" bilen baglanyşykly.

"Häkimiýetler nasa garşy giň gerimli reýdleri başladyp, naskeşleri çilime öwrenişdirmegi we çilim söwdasyna goldaw bermegi maksat edinýärler" diýip, ýerli telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Bu waka, nasa garşy görülýän giň gerimli çäreleriň arasynda, sebitiň hususy söwda nokatlarynda daşary ýurtlardan import edilen çilimleriň bolçulygynyň emele gelen we olaryň bahasynyň 20% arzanlan mahalyna gabat geldi.

"Mundan öň 100 manat bahalanan çilimler 80 manada, 90 manat bahalanan çilimler 75 manada we 110 manat bahalanan çilimler 90 manada arzanlady" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri mundan ýedi ýyl ozal ýurtda temmäki önümleriniň söwdasyna garşy berk çäre görüp başladylar. Bu waka, 2016-njy ýylyň martynda ýurtda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda kararyň kabul edilmeginiň yz ýanyna gabat gelipdi.

Şonda Türkmenistanda çilim söwdasynyň ähli ygtyýarlyklary ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi. Şondan soňra hususy dükanlarda temmäki önümleriň söwdasy doly diýen ýaly gadagan edildi. Muňa garamazdan, hususy söwda nokatlarynda çilimiň söwdasy gizlin görnüşde dowam etdi. Döwlet dükanlarynda bolsa, çilimiň satuwy käte çäkli möçberde ýola goýulyp, adam başyna diňe bir ýa-da iki guty çilim satyldy.

Bu gadagançylyk wagtyň geçmegi bilen gowşan bolsa-da, wagtal-wagtal güýçlendirildi. Bu çäklendirmeleriň netijesinde, çilimiň bahasy telim esse gymmatlady. Bu bolsa, çilimkeşleriň köpüsiniň çilimi taşlap, has arzan we elýeterli bolan nasa başlamagyna getiripdi.

Bu aralykda, Balkanda nasa garşy görülýän soňky çäreleriň arasynda, onuň bahasy iki esse, käbir ýerlerde üç esse gymmatlady. Häzirki wagtda nasyň 30 gramlyk bir haltajygy 20 manat, käbir satyjylarda 30 manat bahalanýar. Mundan sanlyja gün ozal onuň bahasy 10 manada barabardy.

"Nas tapmagyň kynlaşandygy sebäpli çilime geçmäge mejbur bolýarys, ýöne çilim men ýaly 1500 manat aýlyk alýan işgärler üçin aşa gymmada düşýär" diýip, balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri Lebapda dört türkmenistanlynyň temmäki önümlerini, şol sanda nasy Özbegistandan ýurduň çägine bikanun getirmekde tussag edilendigini habar berýär.

Olar Lebap welaýatynyň polisiýasynyň bölüminiň we Köýtendag etrabynyň transport polisiýasynyň işgärleri tarapyndan 2-nji fewralda saklandylar.

Kelif demir ýol menziliniň golaýynda ýerleşýän Könegarly obasynyň ýaşaýjysynda 1200 kilogram nas ýapragy we 150 kilogram taýýar temmäki tapyldy. Şol ýerde Wekilbazar etrabynyň üç ýaşaýjysy hem tussag edildi. Olar harytlary Mary welaýatyna alyp gitmelidiler diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden azat etmek ugrunda tagalla edýändigini aýdýar. Munuň çäginde, geçen ýylyň fewralynda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Türkmenistanda temmäki önümlerine salynýan salgydyň möçberi hem, soňky bir ýylyň dowamynda birnäçe gezek artdyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *