Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Azatlyk - türkmenleriň 'öz sesi' 70 ýaşady

0
Azatlyk - türkmenleriň 'öz sesi' 70 ýaşady

1950-nji ýyllaryň başynda, Sowuk urşuň ýitileşen döwründe, anti-kommunist meýilli amerikan žurnalistleriniň, publisistleriň we meşhur jemgyýetçilik işgärleriniň bir toparynyň “Russiýa halklaryny azat etmegiň Amerikan komitetini” döretmegi we onuň maslahat-geňeşlerinde şu günki gün 70 ýaşynyň toýuny toýlaýan media korparasiýasynyň düýbüniň tutulmagy ozal bolşewikleriň, soňra awtoritar prezidentleriň zory astynda sem edilen, öz edýän pikirini aýdyp bilmän dymmaga mejbur bolan türkmenleriň hem 'öz sesiniň' bolmagyna ýol açdy. Emma bu taryhy pursat, Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolmagy ugrunda daşary ýurtlarda, Günbatar gymmatlyklary esasynda alnyp barlan maglumat göreşi 1991-nji ýylda özbaşdak ýurt bolan Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilmeýär. Tersine, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary dürli basyşlara sezewar bolýar.

Azatlyk radiosynda 32 ýyl işlän halypa žurnalist, 1953-nji ýylyň 2-nji martynda ilkinji bolup “Gepleýär Azatlyk radiosy!” diýen we “ahyryn indi biziň öz sesimiz bar, stalinistk polisaý terrory sizi watanda sem bolmaklyga mejbur edýär, emma biz daşary ýurtdan gorkusyz we päsgelçiliksiz sözläp bilýäris” diýip, türkmen halkyna ýüzlenen Myrat Täçmyradyň ýatlamalarynda aýdylmagyna görä, bu komitet rus syýasy guramalaryny we rus däl halklaryň milli komitetlerini bolşewizme garşy göreşde birleşdirmegi, jebisleşdirmegi maksat edinýärdi.

Rus dilinde “Oswoboždeniýe” ady bilen efire çykan radiostansiýada 1978-nji ýylyň 8-nji noýabryna çenli “Azatlyk” radiosynyň özbaşdak Türkmen redaksiýasy bolmady, şoňa çenli ol Türküstan redaksiýasynyň, ýagny orta Aziýa respublikalaryny we Gazagystany öz içine alýan redaksiýanyň bir bölegi boldy. Türkistan redaksiýasynyň işgär sany bäş adamdan ybaratdy. Şol bir wagtda, Azatlygyň rus gullugyndan beýleki redaksiýalarynda hem, Ermeni, Gürjüstan, Tatar-başgyrt, Demirgazyk Kawkaz redaksiýalarynyň hem hersinde bäş adam işleýärdi.

Myrat Täçmyradyň ýazmagyna görä, amerikan administrasiýasy Orta Aziýa respublikalary we Gazagystan üçin bäş sany aýry-aýry redaksiýanyň döredilmegini teklip edipdir. Emma amerikanlar milli redaksiýalary döretmek meselesinde şol wagtky degişli syýasy komitetleriň, ol sanda Türkistan milli azatlyk komitetiniň – Türkeliň ýolbaşçylarynyň razyçylygy esasynda işläpdirler.

Netijede, oktýabr rewolýusiýasy diýilýänden soň gurlan ilkinji Türkistan awtonom hökümetiniň başlygy bolan, soňra Türkistanyň syýasy emigrasiýasyna ýolbaşçylyk eden Mustafa Çokaý oglunyň, daşary ýurtlarda işleýän beýleki syýasy toparlaryň Türkistanyň bäş respublikasyny geljekde bir döwlete birleşdirmek maksady, galyberse, kadr meselesi Aman Berdimyradyň ýolbaşçylygyndaky Türkistan redaksiýasynyň başky ýyllarda juda az adam bolup işlemegine sebäp bolýar.

Emma bu sapaklar, şol sanda türkmen žurnalistikasynyň garaşsyzlyk tejribeleri, adamzat gymmatlyklary, şol sanda milli azatlyk ugrundaky tagallalary, çykarylmaly netijeler barada, beýleki post-sowet ýurtlaryndakydan tapawutlylykda, türkmen dilinde ýazylan ýatlamalar, çykarylan kitaplar ýok diýerlik. Eger gazak, gyrgyz dillerinde Azatlykda işlän žurnalistleriň ýatlamalary aýratyn kitap görnüşinde çykarylýan bolsa, olar öz halklarynyň azatlygyna gulluk eden şahslar hökmünde hormatlanylýan bolsa, garaşsyz neşir bilen hyzmatdaşlyk edýän häzirki žurnalistler, interwýu berýän adamlar öz ýurdunda degişlilikde gorky-ürküsiz ýaşap, işläp bilýän bolsa, türkmen žurnalistleri bu ‘batyrgaýlyk’ üçin ýurtdan aýrylmaly, käte gorky-howatyr astynda ýaşamaly bolýar.

Azatlygyň 70 ýyllygy tapgyryndan nobatdaky söhbetdeşligimizi ýaşuly žurnalist, Pragada ýaşaýan ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen dowam etdirýäris.

Azatlyk Radiosy: Hudaýberdi aga, siz Azatlyk radiosynyň düýbüni tutan halypa žurnalistleriň käbiri bilen gürleşmek, görüşmek bagtyna miýesser bolduňyz. Şonuň bilen birlikde, siz sowet žurnalizminden gelip, günbatar žurnalizminiň içine düşdüňiz. Şu ýagdaý bilen baglylykda, Azatlyk radiosynyň redaksiýasyna gelen ýyllaryňyzdaky ilkinji täsirleriňizi paýlaşsaňyz. Sizi bu ýerde, günbatar žurnalistikasynyň türkmen wekillerinde geň galdyran zat näme boldy?

Hudaýberdi Hally: Ilkinji gelen badyma geň galan zadym, şol döwürdäki redaksiýanyň müdiri Muhammet Zerif Nazar ýanyna çagyryp, Azatlyk baradaky garaýyşlarymy sorady. Men Praga gelmezimden öň, Azatlyk bilen gatnaşyk açyp başlapdym. Megerem, Türkmenistandaky gatnaşyk açyp başlanlardan ikinjisi bolsam gerek. Ilkinji başlangyç Mergen Hümmedow diýip ýazyjy-terjimeçi bardy, şol tarapdan başlandy. Praga gelenimde, menden ilkinji täsirler barada soralanda, gepleşikleriň, umuman, gowudygyny aýtdym. Şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistan bilen baglanyşykly berilýän materiallaryň azdygyny belledim hem-de Ýewropada we başga ýerlerde bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak barada aýtdym. Meselem, şol döwürde şahyr Şiraly Ýewropada gezip ýördi, taryh ylymlarynyň kandidaty Muhammetgeldi Berdiýew bardy, şolar ýaly adamlaryň mümkinçiliginden peýdalanmak barada aýtdym. Teklibi Muhammet Zerif Nazar oňlamady, gaýtam ýokuş gördi. “Biz berýäs” diýdi.

Indi häzirki döwür bilen deňeşdirenimde, şol teklip şu wagt gowy amala aşýar, eger-de Azatlygyň žurnalistleri Türkmenistandan bolan habarlary tapsalar şony ilkinji orunda goýýarlar, olar taýýar materiala gidenoklar. Ýöne öňki döwürde Radionyň habarlar merkezi tarapyndan taýýarlanan materialy terjime edip bermek meýli ýokarydy. Soňky döwürde Azatlyk Radiosy has türkmençe boldy.

AR: Zerip Nazaryň Azatlykda türkmenistanly žurnalistler bilen gatnaşygy guran adam hökmünde radionyň taryhyna girendigi aýdylýar. Şol döwürde, siziň we beýleki türkmen žurnalistleriniň işe çekilmegi bilen, Azatlygyň original gepleşikleriniň 1,5, iki sagada çykan wagtlarynyň hem bolandygy aýdylýar. Bu nähili boldy?

Hudaýberdi Hally: Bu hakykatdanam şeýle, türkmen žurnalistleriniň, ýerlerdäki adamlaryň Azatlyk Radiosy bilen gatnaşygyny ýola goýan Muhammet Zerif Nazar boldy. Gaýtalap aýtsak, ýazyjy hem terjimeçi Mergen Hümmet Günbatar Germaniýa gelende, ony çagyryp, onuň bilen gürleşip, şondan ilkinji gezek interwýu almany başaran Muhammet Zerif Nazar.

Şonuň bilen birlikde meniň bilşime görä, ol Türkmenistana iki gezek bardy. Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S. Nyýazowdan diňe Muhammet Zerif Nazar interwýu alyp bildi. S. Nyýazow bilen gurnalan ýa-da alnan başga interwýu ýok. Şu ugurda edilen hyzmat gaty köp, ýöne şol döwürde muňa taryhy mümkinçilik boldy, şert açyldy.

Şol başky döwürlerde şeýle gatnaşyklary ýola goýmak aňsatdy. Meselem, men birnäçe gezek Azatlyk Radiosynda çykyş etdim, bu ýerde men diňe öz mysalyma ýüzlenýän, şolaryň hiç birinde, ýagny başky döwürde, meni ol gizlin komitete ýa-a gizlin gullukda hyzmat edýänler öz ýanyna çagyryp, maňa haýbat bolmady. Ýöne bir gezek öz belli ýazyjymyza Azatlykda çykyş etmegi teklip etdim. Ol merkezi gazetlerde çykyş edýärdi, şol sanda Azatlyk Radiosynda hem çykyş etmegini aýtdym. Şonuň yz ýany meni KGB çagyrdylar. “Sen näme üçin başga adama ündew geçýäň?” diýdiler, şol meselede käýinç eşitdim.

Şol döwürde, tä 90-njy ýyllaryň aýaklaryna çenli, ýagny Türkmenbaşynyň “at-abraýy” belende galyp, altyn heýkeli galdyrylýan döwre çenli (S. Nyýazowyň heýkelini ilkinji döreden A.T. Şşetinin – redaksiýanyň belligi), Türkmenistan bilen gürleşmek, Türkmenistandan žurnalistleri çekmek ýeňil boldy. Muhammet Zerif Nazar şol mümkinçilikden peýdalandy.

AR: Siz türkmen intellektuallarynyň ýa-da ýazyjylarynyň, türkmen žurnalistleriniň şu mümkinçilikden, Azatlygyň döredýän şertlerinden peýdalanmak pursadyny ulanyp bilişleri ýa-da mundan çeke duruşlary bilen baglylykda näme aýdyp biljek? Bu soragy berýänimiziň sebäbi, Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň güýçlenmegi bilen, köp ýazyjy-şahyr ýa-da žurnalist, pikiri bar, pikirlenip bilýän adamlar jemgyýetçilige pikirini ýetirmekden mahrum boldy. Elbetde, olaryň käbiri Azatlygyň mümkinçiliklerinden peýdalansa-da, beýleki bir bölegi, aglaba köplügi öz düşünjesini tabynlyga gurban etdi. Şu ýagdaý barada näme aýdyp bolar?

Hudaýberdi Hally: Bu örän kyn mesele, her bir adama aýratynlykda çemeleşmek gerek diýip pikir edýän, sebäbi 1994-nji ýylda meni Azatlyk Radiosynda çykyş edýändigim üçin, Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyndan öçürdiler. Öň ýanyndan şol ýygnaga meni çagyryp: “Ynha, sen Watany garalaýaň, oňa şyltak atýaň. Şonuň üçin seniň ornuň ýazyjylaryň hatarynda däl” diýip, meni agzalykdan çykardylar.

Şonuň bilen birlikde özüni “men Komitetde işleýän” diýýän adam meniň gaýrat etmelidigimi, çykyş etmelidigimi aýdyp göwünlik berdi. “Ýazyjylar birleşiginiň agzasy bol ýa bolma, ýazýan zadyň üçin onuň hiç bir tapawudy ýok, ýöne öz maksadyňdan – halka hyzmat etmek, hakykaty aýtmak niýetiňden el çekme” diýdi.

Başaran adamlar üçin, şeýle mümkinçiligem boldy. Käbirleri belli maksat üçin, Radioda çykyş etdiler. Ol Radioda çykyş edýär, onuň sebäbi soralanda-da, özüniň haýsydyr bir işiniň ýa-da haýyşynyň amala aşmadygyny aýdyp, şony amala aşyrmakda Komitetiň işgärleriniň ünsüni özüne çekýär. Olar soň çykyş etmekden el üzüp, soň gatnaşmadylar. Beýleki birleri öz wezipesi üçin, gowy aýlyk almak, şeýle-de, ýurduň prezidenti bilen birlikde mugtuna daşary ýurtlara gidip gelmek mümkinçiliginden peýdalanjak bolup, Azatlyk Radiosy bilen düýbünden gatnaşyk açmady.

AR: Bilşimiz ýaly, Azatlyk radiosynyň işgärleri sowet döwründe metbugat arkaly ýazgaryldy, olar hakynda näletleýji film hem döredildi. Şol döwürde Azatlykda işleýän žurnalistleri “dönükler” diýip häsiýetlendiren tanymal türkmen ýazyjysy Seýitnyýaz Ataýew, soň öz aýtmagyna görä, onuň pikirdeşleriniň aýtmagyna görä, Azatlygyň esasy diňleýjileriniň birine öwrüldi. Şeýle-de, ozal “Prawdanyň” (sowetleriň baş gazeti) habarçysy bolan žurnalist we ýazyjy, Türkmenistanda uly wezipelerde işlän intellektual Rahym Esenow hem Azatlyk bilen hyzmatdaşlyk etdi. Siziňçe, bu adamlaryň düşünjesinde dogrudanam bir öwrülişik boldumy, eger şeýle bolsa, bu beýlekilere nähili täsir ýetirendir öýdýärsiňiz?

Hudaýberdi Hally: Hakykatdanam şolaryň dünýägaraýşynda üýtgeşiklik boldy. Öňki ganyna siňen usul bilen däl, hakykata, durmuşda bolýan ýagdaýa hem şertlere başgaça garap başladylar. Öz işleri, maksatlary bilen hakykata hyzmat etdiler. Meselem, ýazan makalalary hem çykaran dokumental filmi üçin, men Seýitnyýaz Ataýewe birnäçe tankydy bellik aýtdym. Şony Seýitnyýaz Ataýew ýokuş görüpdir hem öz tankydyny şol döwürdäki Radionyň habarçysy Saparmyrat Öwezbediýewiň üsti bilen maňa ýetirdi.

Şonuň bilen birlikde, Rahym Esenow hem şeýle, ol № 1 ýa-da iň bolmanda öňdäki kommunistleriň biridi, ol Azatlyk Radiosy bilen gowy gatnaşyk etdi. Beýleki bir adam, görnükli ýazyjy Tirkiş Jumageldi-de, Azatlyk Radiosy bilen gowy gatnaşyk etdi. Meselem, Tirkiş Jumageldiýewiň milletiň neşe – tirýek belasyna gidişi barda, “Nalyş” diýen publisistik çykyşy bar. “Men muňa gaty nalyş edýän – aglaýan, bu biziň derdimiz” diýip, şol möhüm meseläni, iň möhüm pikirini Azatlyk Radiosynyň üstünden aýtdy. Azatlyk Radiosy şeýle adamlara mümkinçilik berdi. Olar şol mümkinçilikden gowy peýdalandylar.

AR: Siz bir söhbetdeşlikde Rahym Esenow bilen Azatlygyň düýbüni tutujylaryň biri, ýuridiki ylymlaryň doktory Aman Berdimyrady Pragada myhman alandygyňyzy gürrüň berdiňiz. Olar, elbetde, belli-belli taryhy döwürlerde başga-başga lagerlerde bolan adamlar. Siz olaryň özara söhbetdeşliginden, bir-birege goýan hormat-sylagyndan nähili netije çykardyňyz? Bu barada aýdara zadyňyz barmy?

Hudaýberdi Hally: Bu barada meniň gürläsim gelýär, hakykatdanam bu şeýle boldy. Biziň öýümizde ýaşulymyz Aman Berdimyrat boldy, onuň maşgalasy-da (hanym Margarita) ýanyndady, şeýle hem Rahym Esen bir saçagyň başynda oturdylar hem gürleşdiler. Ýogsa Rahym Esen öň ilkinji nobatda “Peýkam” pýesasynda, Aman Berdimyrady tankytlapdy, soňky proza eserlerinde-de Aman Berdimyrady tankytlady ýa-da onuň prototipini – şol tipdäki adamy tankytlap geldi. Ikisiniň duşuşygynda şol ýagdaý ýatlanmady. Aman aga tarapyndan, ‘Sen şeýle zatlary ýazdyň, şonuň üçin menden ötünç sora’ diýen ýaly talap bolmady. Olar gowy, dünýewi gürrüň etdiler.

Ýöne Aman Berdimyradyň bir aýdan zady bar, “Geçen Watançylyk urşunda nemes halkyny näçe tankyt etseler-de, olar Gitleri ýok etmek üçin, birnäçe gezek synanyşdylar. Şol synanyşykda özüni gurban eden adamlar bar. Ýöne siz Stalini ýok etmek üçin, heý, bir synanyşyk etdiňizmi? Şolar ýaly ýagdaý boldumy?” diýip, Rahym Esenowdan sorady. Rahym Esenow, elbetde, hiç jogap berip bilmedi.

Soňra ýene umumy gürrüňe geçilende, Rahym Esenow Aman Berdimyratdan näçe aýlyk alýandygyny sorady. Aman Berdimyrat, elbetde, pensiýa alýardy, ol pensiýasyny aýtdy. Her aýda iki müň nemes markasy töwereginde pul alýan eken, munuň daşyndan, fronta gatnaşany üçinem 600 nemes markasyny, jemi üç müň nemes makrasyna çenli pul alýan eken. Özi-de Awstiýada ýaşaýardy, aýratyn jaýy bardy. Aman Berdimyrat maňa “Hally” diýýärdi. Ol maňa: “Hally, men şu pul meselesini agzamaly däl, ýöne men ony ýörite aýtdym. Rahym Esenem urşa gatnaşdy, ol urşa gatnaşyp, häzir näçe pul alýar, men urşa gatnaşyp näçe pul aýlan, goý, şuny deňeşdirsin diýip, men muny aýtdym, ýogsa aýtmagyň geregi ýok” diýip, maňa düşündirdi.

Şol duşuşykda Aman Berdimyradyň bir aýdan sözi berk ýadymda galdy (Ol maňa öýüniň salgysyny - adresini berdi, ýöne men ol diri wagtynda baryp bilmedim.). Aman aga: “Meniň goňşym nemes, ol uruş ýyllarynda gurluşyk işlerinde işläpdir, ýagny okop-garymlary gurmak, beýleki goranmak serişdelerini gurmak işlerine gatnaşan gurluşykçy inžener, ýöne harby gullukçy. Men şol adama her gezek duşanymda, ‘siz – nemesler, ýesirlere gaty ýowuz daraşdyňyz’ diýip aýdýan” diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Росгвардейцы из Минусинска заняли призовое место на Межрегиональном турнире по пулевой стрельбе, посвященном памяти Героя России Ивана Кропочева

Продвижение новых песен с высоким результатом

6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга

Учащиеся класса Росгвардии приняли участие в военно-патриотической игре "Зарница 2.0" в Зеленогорске


Российская империя в фото 40

С чем носить весной белые брюки: образы, которые вас омолодят

6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга

Производственные площадки АО «Желдорреммаш» в апреле посетило более 4700 школьников и студентов


13 Crops You'd Be INSANE Not To Plant in May

5 Things To Remember When A Friendship Ends

5 Things EVERY Ripped Guy Does (COPY THESE)

Online Alarm Clock for efficient time management


В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне росгвардеец рассказал о поисковой деятельности

Метеоры между Петербургом и Петергофом совершили первые отправления в этом году

XXIII Московский Пасхальный фестиваль проходит при поддержке Relax FM

Завершен ремонт на пяти дорогах в Подмосковье


One step closer to a sci-fi reality—NASA announces funding for a quantum dot solar sail and a levitating train on the Moon

Бета-тест Figment 2: Creed Valley на iOS открыли для 100 человек

Игра All of You от создателей Love You to Bits и Bring You Home больше не эксклюзив Apple Arcade

Гайд по фарму золота в Solo Leveling: Arise


Депутат Миколаївської облради Кормишкін вперше опублікував своє весільне фото


Планетарий: условия для наблюдения Майских Акварид благоприятные, новолуние

В Москве и Подмосковье ударили первые майские заморозки

Диетолог Макиша: витамин К в ряде случаев может привести к образованию тромбов

Вадим Арутюнов и его книга «Записки странствующего армянина»


На Урал обрушились сильнейшие снегопады

Президент Лаоса приедет в Россию для участия в параде Победы 9 мая

МАК закончил отчет по расследованию катастрофы Superjet 100 в Шереметьеве

«Кубок футбольных мам» прошел на стадионе «Москвич» в Лобне


МИД РФ: НАТО готовится к потенциальному конфликту с Россией

Первые майские заморозки зафиксировали в столичном регионе в субботу ночью

Утильсбор снова повысят – что будет с ценами на автомобили в России

Александр Горячев: «Новый вызов - 2024» как путь к социальной инновации и сотрудничеству


Даниил Медведев снялся с четвертьфинала «Мастерса» в Мадриде из‑за травмы

"Я играю и зарабатываю хорошие деньги, но...". Рыбакина назвала главную проблему в женском теннисе

Касаткина проиграла Путинцевой и не смогла выйти в 1/4 финала турнира WTA в Мадриде

На кураже: Рублёв пробился в финал «Мастерса» в Мадриде, Медведев снялся из-за травмы


Первые майские заморозки зафиксировали в столичном регионе в субботу ночью

Собянин: Бесстыковые пути делают метро Москвы комфортнее и современнее

МАК закончил отчет по расследованию катастрофы Superjet 100 в Шереметьеве

Каков скандал. Катя Гордон режет правду матку про Анастасию Волочкову


Музыкальные новости

Надежда Стрелец резко высказалась о хейтерах, после того как мама Тимати раскритиковала ее интервью с Аленой Шишковой

Сын Оксаны Самойловой и Джигана пожаловался на поведение старших сестер: забавное видео

Продвижение Музыки. Раскрутка Музыки. Продвижение Песни. Раскрутка Песни.

Каков скандал. Катя Гордон режет правду матку про Анастасию Волочкову


Вадим Арутюнов и его книга «Записки странствующего армянина»

В Москве и Подмосковье ударили первые майские заморозки

Планетарий: условия для наблюдения Майских Акварид благоприятные, новолуние

Форум Доноров представил результаты первой лаборатории проекта «Музеи и меценаты»


В Красноярском крае сотрудники и военнослужащие Росгвардии почтили память ликвидаторов аварии на Чернобыльской АЭС

Россия, Культура, Театр и Дети: Бурятская цирковая судьба Аригмы Цыремпиловой

Что действительно говорил В. Путин о Нагорном Карабахе?

Тарифы ЖКХ вырастут в России


Интеллектуальный недуг милитари–медийки

Столичные росгвардейцы оказали помощь подросткам, врезавшимся на самокате в уличный фонарь

О новых правилах регистрации авто и утилизационном сборе

Источник 360.ru: мотоциклист сбил ребенка на улице Климашкина в Москве


Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о развитии социально-экономического потенциала территорий России

Путин и Рахмон обсудили борьбу с терроризмом и ситуацию с мигрантами

Больше 4 тысяч ветеранов войны из Новосибирска получат письма от Путина к 9 мая

Что действительно говорил В. Путин о Нагорном Карабахе?




Форум Доноров представил результаты первой лаборатории проекта «Музеи и меценаты»

Дерматолог Евдошенко назвала шесть процедур для лица, которые необходимо сделать перед летом

Форум Доноров представил результаты первой лаборатории проекта «Музеи и меценаты»

Диетолог Макиша: витамин К в ряде случаев может привести к образованию тромбов



Тулячка заняла первое место в международных спортивных играх детей городов-героев

Полина Гагарина: «Нет, я не ухожу на пенсию»

Жулин заявил, что ему нужен миллион рублей для комфортной жизни в Москве

«Вегас» сравнял счет в серии с «Далласом» в серии плей-офф НХЛ



Собянин: В Москве выполнена модернизация уже 10 газопроводов-дюкеров

Сергей Собянин. Главное за день

Собянин: Бесстыковые пути делают метро Москвы комфортнее и современнее

Собянин: Обрабатывающие предприятия Москвы увеличили производство почти на 18 процентов


Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о развитии «зеленой» экономики в РФ

Изменение климата обойдется человечеству в 35 трлн долларов в год

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о развитии «зеленой» экономики в РФ

Зеленое царство – обзор новостроек рядом с «Лосиным островом»


Собянин: Бесстыковые пути делают метро Москвы комфортнее и современнее

КЧР. Более 31 тысячи человек приняли участие в республиканском субботнике

Первые майские заморозки зафиксировали в столичном регионе в субботу ночью

Собянин назвал инновационные кластеры, которые будут созданы в Новой Москве


Выставка проекта Нижегородского планетария «Вселенная BRICS» открылась в Архангельской области

Май спрогнозировали россиянам синоптики

В Архангельске работать в летнюю навигацию будут девять теплоходов

Постановки о генетике и космосе победили в конкурсе школьных спектаклей в Архангельске


Участников СВО обучат для работы в органах власти

Россия, Культура, Дети: Звезда госцирка Бурятии, артистка Аригма Цыремпилова

Историческая игра "Великая Отечественная война. Помним. А знаем?", ко Дню Победы

Еженедельный вестник катастроф


Два авто замминистра обороны Тимура Иванова перешли его экс-жене в 2023 году

Суд арестовал земельные участки подозреваемых в хищениях у Минобороны

РИА Новости: президент Таджикистана приедет в Москву на празднование Дня Победы

МАК закончил отчет по расследованию катастрофы Superjet 100 в Шереметьеве














СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *