Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Özbek prezidentine goşmaça möhlet berýän konstitusion referendum geçiriler

0
Özbek prezidentine goşmaça möhlet berýän konstitusion referendum geçiriler

10-njy martda Özbegistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjy palatasy Konstitusiýa boýunça referendum geçirmek barada karar kabul etdi.

Deputatlar göni efirde görkezilen ýygnakda "Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýasy barada" kanunyň täze görnüşini kabul etdiler. Ses berişlikde 132 deputat "oňlady", ikisi saklandy, üçüsi ses bermedi.

Şeýle hem ýygnakda esasy kanuna üýtgetmeler girizmek boýunça tutuş ýurt boýunça referendumyň geçiriljek senesi - 30-njy aprel diýlip tassyklandy.

Häzirki kanunlara laýyklykda, Mejlis Konstitusiýa üýtgetme girizmäge hakly. Geçen ýylyň 20-nji iýunynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew kanuna üýtgetmeleri girizmek baradaky teklipleri işläp düzmek boýunça konstitusiýa komissiýasynyň agzalary bilen geçirilen ýygnakda konstitusiýa reformasyny referendum arkaly amala aşyrmagyň we raýatlaryň pikirini hem goldawyny almagyň zerurdygyny aýtdy.

Täzelenen Konstitusiýa kabul edilse, häzirki prezidentiň iki möhleti “hasapdan aýrylar” we oňa üçünji möhlete dalaş etmäge mümkinçilik berler.

Şu hepde Özbegistanyň prezidentiniň administrasiýasy Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar baradaky kanun taslamasynyň soňky wersiýasynyň taýýarlanandygyny habar berdi.

Daşkent Konstitusiýa üýtgetmeler girizmegiň taslamasyny geçen ýylyň iýun aýynda neşir etdi. Emma Garagalpagystanyň bölünmegi boýunça referendum geçirmek hukugyny kepillendirýän madda goşulmady we bu awtonom respublikasynda nägileligi tutaşdyrdy. Mitingler güýçli basylyp ýatyryldy, azyndan 21 adam öldi, 200-den gowrak adam ýaralandy. Soňra Daşkent düzedişleriň ýatyrylandygyny habar berdi.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *