Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Täjik žurnalisti konstitusiýa gurluşyny üýtgetmäge çagyrmakda aýyplanýar

0

Geçen hepde Merkezi Aziýa ýurdunyň demirgazyk-gündogaryndaky Panjakent şäherinde tussag edilen täjik žurnalisti Hurşed Fozilow Täjigistanyň konstitusiýa gurluşyny zor bilen üýtgetmek barada açyk çagyryş etmekde aýyplandy.

Fozilowyň dogany Huşbaht 13-nji martda Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeşlikde žurnalistiň bu aýyplamany ret edip,  özüniň bigünädigini aýdandygyny gürrüň berdi.

Panjakent şäher häkimliginden we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerinde Fozilow bilen baglanyşykly ýagdaý barada düşündiriş alyp bolmady.

Üç çaganyň kakasy, 37 ýaşly garaşsyz žurnalist ýurduň daşynda ýerleşýän birnäçe garaşsyz habar serişdesi, şol sanda “Ahbor” web sahypasy ýaly bilen hyzmatdaşlyk edýärdi.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *