Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Türkmenistanda türk gurluşykçylaryna ýene uly desgalar ynanylýar

0
Türkmenistanda türk gurluşykçylaryna ýene uly desgalar ynanylýar

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji martda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Ahmet Çalyk öz ýolbaşçylyk edýän düzüminiň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Şeýle-de, habarda Türkiýäniň “Gap Inşat” kompaniýasyna Aşgabatda 15-nji martda düýbi tutuljak üç desganyň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň ynanylýandygy bellenýär.

G. Berdimuhamedow aýyň başynda Türkiýäniň Beýik millet mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop bilen telefonda gürleşende, türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegini teklip etdi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkiýä ykdysadyýetiň energetika, ulag we aragatnaşyk, maýa goýumlary, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebit-himiýa senagaty ýaly pudaklarynda, beýleki ugurlarda 'anyk taslamalary' durmuşa geçirmek teklip edildi.

Prezident bolan ýyllarynda türk kompaniýalarynyň gurluşyk işlerini 'uly sorag' astyna alan, şeýle-de Saparmyrat Nyýazow döwründe Türkmenistanda ‘birinji biznesmen’ bolan Ahmet Çalygyň ýerine Erol Tabançany getiren, emma soňra onuň bilen hem ‘oňuşmadyk’ Berdimuhamedowyň türk gurluşyk kompaniýalaryny gaýtadan hyzmatdaşlyga çagyran wagty, Türkiýede bolan ýer titremesinde ýykylan binalar sebäpli, türk gurluşykçylarynyň binagärlik işiniň uly sorag astyna düşen wagtyna gabat geldi.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *