Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Berdimuhamedow täze desgalaryň düýbüni tutdy, galam hakyna sadaka berdi

0
Berdimuhamedow täze desgalaryň düýbüni tutdy, galam hakyna sadaka berdi

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji martda Aşgabatda guruljak döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Bu desgalaryň gurluşygy Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasyna ynanyldy.

Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň düýbüni tutmak çäreleri G.Berdimuhamedowyň prezident bolan ýyllarynda däp bolşy ýaly, uly dabara, aýdym-saz we alkyşlar bilen geçirildi, metbugatda giňden beýan edildi we döwlet ýolbaşçylarynyň ilatyň saglygy üçin edýän uly aladalarynyň subutnamasy hökmünde magtaldy.

Şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habaryna görä, G.Berdimuhamedow Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde, öz galam hakynyň hasabyna, Türkiýede bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň hatyrasyna sadaka berdi.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *