Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Bazarlarda bahalar neneň?

0
Bazarlarda bahalar neneň?

Hazaryň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheriniň bazarlarynda bir kilogram süňkli sygyr etiniň bahasy 75 manat, jylka et 95-100 manatdan satylýar. Bir kilogram tüwi, hiline görä, 28-55 manat aralygynda bahalanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň bazarlarynda, hususy söwda nokatlarynda we döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän azyk harytlarynyň bahalaryny deňeşdirýär.

Maglumata görä, günbatar sebitde käbir iýmit önümleriniň bahalary hususy söwda bilen deňeşdirilende döwlet dükanlarynda has gymmatlady.

Meselem, “Ahal” haryt nyşanly pagta ýagynyň bir litri Balkanyň döwlet dükanlarynda 32 manatdan, hususy dükanlarda 30 manatdan satylýar. Kartoşkanyň kilesi döwlet eýeçiligindäki dükanlarda 9 manatdan, bazarlarda 5,5 manatdan satylýar.

Ýerli önümçilige degişli käbir harytlaryň döwlet dükanlary bilen deňeşdirilende hususy söwdada arzan bolmagy üns çekýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen hususyýetçileri ýurtda indi ençeme ýyl bäri daşary ýurt walýutasynyň gara bazar bahasynyň resmi kursdan ýokary galmagy sebäpli, önüm öndürmek üçin zerur bolan harytlaryň daşary ýurtlardan import edilmeginde dürli kynçylyklary başdan geçirip gelýär.

Ýöne Balkanyň bazarlarynda hem görnüşi ýaly, görnüşinden, önümçiligi daşary ýurt önümlerine garaşly bolmadyk harytlar, hususy söwdada, döwlet bahalary bilen deňeşdirilende, sähel arzan satylýar.

“Ahal” haryt nyşanly pagta ýagy Türkmenistanda öndürilýär, galyberse-de, ýurduň daýhanlary, oňaýsyz şertlere garamazdan, soňky ýyllarda ýeralma önümçiligini artdyrdy. Ýöne, muňa garamazdan, kartoşkanyň daşary ýurtlardan import edilmegi hem dowam etdirilýär.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmen hususyýetçileri daşary ýurt kärhanalary bilen aradaky söwdada daşary ýurt walýutasyny ulanmaly bolýarlar. Ýurt içinde nagt walýuta söwdasynyň çäklendirilmegi zerarly we walýutanyň gara bazar bahasynyň resmi kursdan bäş esse töweregi ýokary bolmagy sebäpli, hususyýetçileriň ýerli önümçilige zerur bolan daşary ýurt önümlerini erkin satyn almagy kynlaşýar.

Ýöne hususy söwdadaky bahalaryň döwlet dükanlary bilen deňeşdirilende sähel arzan bolmagy, näme üçindir, ähli azyk harytlaryna, şol sanda gök-bakja önümlerine degişli däl. Ýogsa, Türkmenistanyň hökümeti ýurtda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen ýerli oba hojalyk önümçiliginiň artdyrylýandygyny aýdýar.

Meselem, Türkmenbaşynyň bazarlarynda tüwiniň bir kilogramy, hiline görä, 28-55 manat aralygynda bahalanýar. Bir kilogram sogan 15-22 manat aralygynda bahalanýar, pomidor 25 manat, hyýar 26 manat. Türkmenbaşyda beýleki käbir azyk önümleriniň bahalary şeýle:

Süňkli sygyr etiniň kilesi 75 manatdan satylýar, jylka et 95-100 manat aralygynda bahalanýar.

Gara balygyň kilesi 100 manat. Tas bir aý ozal, bu balyk 60 manatdan satylýardy. Bir aýda balygyň bahasy 66,6 göterim töweregi ýokarlandy.

Iň arzan alma Türkmenbaşyda 25 manatdan bahalanýar. Bir aý öň, bu almalar 15 manatdan satylýardy. Alma hem 66,6 göterim gymmatlady.

Hazarýaka şäherde bekre balygynyň bir kilogramy 350-600 manat aralygynda bahalanýar.

Öý ýumurtgasy 3,5-4 manatdan satylýar.

Bir litr süýt 18 manat.

Azatlygyň habarçysy beýleki käbir iýmit önümleriniň döwlet dükanlaryndaky we hususy söwdadaky bahalaryny deňeşdirýär.

Balkanda azyk paýlarynyň hatarynda ilata hödürlenýän günebakar ýagy döwlet dükanlarynda 31-33 manat, bu ýaglar bazarlarda 25-28 manatdan satylýar. Towuk budunyň döwlet bahasy 16 manat, hili pes butlar 15 manatdan satylýar. Ýöne hususy söwdada ýokary hilli towuk buduny 15 manada satyn alsa bolýar.

Ýurtda sarp edilýän iň esasy harytlaryň bir bolan unuň bahasy hem döwlet we hususy söwdada tapawutlanýar.

Türkmenistanda öndürilen unuň bir kilogramy Balkanyň döwlet dükanlarynda dokuz manatdan satylýar. Ýerli un bazarlarda bäş manatdan satylýar. Gazagystanda öndürilen unuň bir kilogramy döwlet söwda nokatlarynda 10 manatdan satylýar.

Azatlyk Radiosy Balkanyň döwlet dükanlary bilen hususy söwda nokatlarynyň arasyndaky baha tapawudynyň mümkin bolan sebäplerini anyklap bilmedi. Ýöne bu meýiller köplenç ýerli önümçilige degişli harytlaryň bahalarynda göze ilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *