Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Serdar Berdimuhamedow Katara sapar eder

0
 Serdar Berdimuhamedow Katara  sapar eder

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde Katar döwletine resmi sapar eder.

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bäşinji gün geçirilen hökümet mejlisinde bu sapara görlen taýýarlyk barada hasabat berip, degişli maksatnamany döwlet baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Saparyň anyk senesi aýdylmady.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, saparyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçihanasyny açmak planlaşdyrylýar.

Aşgabat bilen Dohanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabr aýynda ýola goýuldy.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *