Türkmenistanyň prezidenti Katara sapar edýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katara bardy. Ol mundan öň Doha geçen ýylyň 3-nji dekabrynda, Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça hem sapar edipdi.
Döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçihanasynyň açylmagy planlaşdyrylýar.
Türkmen prezidenti 19-njy martda Kataryň paýtagtyndaky “Hamad” Halkara howa menzilinde resmi adamlar tarapyndan garşy alyndy.
Şu gün, 20-nji martda Doha şäherinde ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleri geçiriler. Olaryň dowamynda häzirki ýagdaýlar we bar bolan mümkinçilikler nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlener diýip, TDH-nyň habarynda bellenýär.
Energetika ulgamy, söwda, maýa goýum, ulag we kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar diýip, türkmen metbugaty 19-njy martda ýazdy.
Ýerli metbugat Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň türkmen prezidenti bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan aňryk hem ösüdürmek boýunça gepleşik geçirjekdigini habar berdi.