Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Nýu-Ýork, Tramp aýyplanan ýagdaýynda, protestlere taýýarlanýar

0
Nýu-Ýork, Tramp aýyplanan ýagdaýynda, protestlere taýýarlanýar

Amerikan şäherleriniň häkimiýetleri ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň tarapdarlarynyň oňa Manhattan etrap prokuraturasy tarapyndan jenaýat aýyplamasy bildirilen ýagdaýynda gurajak protest çärelerine taýýarlanýarlar diýip, amerikan metbugaty habar berýär.

ABC teleýaýlymynyň maglumatyna görä, gizlin gullugyň we Nýu-Ýork polisiýasynyň wekilleri birinji gün ýygnak geçirip, öňki prezidentiň tussag edilmeginiň we aýyplanmagynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin bilelikdäki işiň jikme-jikliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Eger Tramp saklanylsa we aýyplansa, bu çäre Manhattan etrap kazyýetiniň binasynda geçiriler.

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Erik Adams polisiýanyň şäherde tertip-düzgüni saklap, "ýerliksiz hereketlere" ýol bermän biljekdigine ynam bildirdi. Şol bir wagtda, Nýu-Ýorkuň häkimi etrap prokurory bilen Donald Trampa garşy bildirilmegi mümkin aýyplama barada maslahat etmändigini, özüniň "dürli habarlar" esasynda hereket edýändigini aýtdy.

Prokurorlaryň hasaplamalaryna görä, Tramp 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasy döwründe, porno aktrisasy Stormi Danielsi dymdyrmak üçin, aklawçysynyň üsti bilen 130,000 dollar töläpdir we bu serişdäni iş çykdajysy hökmünde hasapdan öçüripdir.

Daniels ençeme ýyl ozal Tramp bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyny öňe sürdi. Donald Tramp altynjy gün tussag edilmegine garaşýandygyny aýtdy we tarapdarlaryny protest bildirmäge çagyrdy: “Biz oturyp, olaryň biziň ýurdumyzy nädip öldürýändiklerine syn edip bilmeris! Protest bildiriň, protest bildiriň, protest bildiriň!” diýip, öňki prezident aýtdy.

Nýu-Ýork prokuraturasynyň wekilleri öňki prezidenti aýyplanmak mümkinçiligi baradaky habarlara düşündiriş bermediler. "Foxnews" telekompaniýasy öz çeşmelerine salgylanyp, uly eminleriň bu işi dowam etdirýändigini we aýyplamanyň indiki hepde bildiriljekdigini habar berdi.

Meşhur respublikan syýasatçylar Manhattan prokurorynyň hereketini tankytlap, bu işi syýasy yzarlama diýip atlandyrdylar.

ABŞ-nyň häzirki we öňki prezidentleri hiç haçan jenaýat jogapkärçiligine çekilmedi.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *