Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Hytaýyň başlygy türkmen kärdeşini “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine çagyrdy

0
Hytaýyň başlygy türkmen kärdeşini “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine çagyrdy

Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin 21-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlap, şu ýylyň maý aýynda Hytaýda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň çäklerinde geçiriljek birinji sammite gatnaşmaga çagyrdy.

“Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda uly netijeleriň gazanylmagyny üpjün etmek üçin Siziň bilen Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýärin” diýip, Si Szinpiniň hatynda aýdylýar.

Hytaýyň başlygy türkmen kärdeşiniň ýanwar aýynda Hytaýa eden döwlet saparyny ýatlap, onuň bilen “dostlukly we çuň manyly gepleşikleri geçirendigini” belläpdir we, “...Hytaýyň we Türkmenistanyň “bitewi ykbalynyň konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegi bilelikde beýan etdik” diýipdir.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *