Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Diplom ykrar etdirmek agyr mesele bolmagynda galýar

0
Diplom ykrar etdirmek agyr mesele bolmagynda galýar

Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt, şol sanda Türkmenistanyň tassyklan ýokary okuw jaýlarynyň diplomlaryny watanynda ykrar etdirmekdäki kynçylyklary dowam edýär. Bu hem para-peşgeşe ýol açýar. Bu aralykda, ​prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa sebitinde bilim boýunça resminamalary ykrar etmek hakynda buýruga gol çekdi.

28-nji martda ​gol goýlan buýruk daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegi kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Şeýle-de, onuň ýurduň orta we ýokary hünär bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy maksat edinýändigi hem bellenilýär. Ýöne resmi habarda bu barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Bu waka, türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt döwletlerinde berlen diplomlaryny Türkmenistanda ykrar etdirip bilmän, dürli kösençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada maglumatlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

"2022-nji ýylda daşary döwletleriň ÝOJ-larynda okuwyny tamamlap gelen balkanly ýaşlar diplomlaryny tassykladyp bilmän kösenýär. Ýöne para bermäge razy bolan ýaşlaryň diplomlary birnäçe hepdäniň dowamynda tassyklanýar. Paranyň möçberi 20 müňden 200 müň manada çenli ýetýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 29-njy martda aýtdy.

Ol diplomyny tassykladyp bilmeýän ýaşlaryň Türkmenistanda diplomlary ykrar edilýän daşary ýurt uniwersitetlerinde okuwy tamamlandygyna hem ünsi çekip, bu mesele bilen bagly balkanly Serdaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barada jikme-jik maglumat berdi.

"Men ilki Russiýanyň bir uniwersitetinde ykdysadyýet fakultetini tamamlap, bakalawr diplomyny aldym. Soňra 2019-njy ýylda Russiýanyň - Türkmenistan tarapyndan tassyk edilen - pedagogika boýunça ýokary okuw jaýynda fizika-matematika bölümini tamamlap, magistr diplomyny aldym. Soňra 2022-nji ýylda Türkmenistana gelip, bu diplomlary ykrar etdirmäge mümkinçilik berýän alty aýlyk goşmaça okuw okap, 'rekwezit' tassyk hatyny aldym we beýleki resminamalary hem tabşyrdym" diýip, Serdar habarçymyza aýtdy.

Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli Serdaryň şahsyýetini anyklaşdyryp biljek maglumatlary, onuň okan rus ÝOJ-larynyň atlaryny köpçülige aýan etmekden saklanýar.

Serdar, şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň öz diplomyny ykrar etmezligine hiç bir esasyň galmandygyny, muňa garamazdan, synagdan geçmek üçin öz resminamalarynyň kabul edilmeýändigini hem belledi.

"Ministrlik we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti meniň iki ýokary okuw jaýynda okandygymy bahana edip, diplomlarymy tassyklap bolmaýandygyny aýdýarlar. Maňa goşmaça okuw sapagyndan geçip, resminamalarymy kabul etmäge çykalga ýa-da mümkinçilik hem döretmeýärler. Ýöne uniwersitetiň käbir mugallymlary diplomlary tassyklatmak üçin azyndan 200 müň manat bermeli bolarsyň diýip, göni aýdýarlar" diýip, Serdar aýtdy.

Habarçy Serdaryň we onuň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlaryny başdan geçirýän başga-da onlarça türkmen raýatynyň işe ýerleşip bilmän kösenýändigini hem belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň Bilim ministrliginden we agzalýan uniwersitetden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Daşary ýurt uniwersitetleriniň diplomlaryny ykrar etdirmek meselesi Türkmenistanyň daşynda bilim alan müňlerçe türkmen raýaty üçin birnäçe ýyl bäri agyr mesele bolmagynda galýar. Azatlyk Türkiýäniň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Belarusyň we Russiýanyň ÝOJ-laryny tamamlan türkmenleriň Türkmenistanda öz diplomlaryny ykrar etdirip bilmeýändigi barada ençeme gezek maglumat berdi.

Bu mesele, 2019-njy ýylyň martynda Türkmenistan daşary ýurt bilimini ykrar etmegiň täze düzgünini girizip, ýurtda ykrar edilýän ÝOJ-laryň sanawynda görkezilen daşary ýurt uniwersitetleriniň sanyny ep-esli azaltmagynyň yz ýanynda has-da güýçlendi. Şonda ýurduň Bilim ministrligi daşary ýurt uniwersitetleri tarapyndan berlen 146 ugur boýunça diplomlaryň ykrar edilmejegini yglan etdi.

Türkmenistan şu ýylyň ýanwarynda bu sanawy täzeledi. Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri oňa dünýäniň 1500-den gowrak ÝOJ-nyň girýändigini aýdyp, sanaw dünýädäki iň abraýly üç uniwersitetiň hasabatlaryna esaslanýar diýdi.

Soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen raýatlary daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda bilim almaga barha kän ýykgyn edýärler. Muňa, habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda bilimiň hiliniň pes bolmagy bilen bir hatarda korrupsiýanyň derejesiniň ýokary bolmagy, studentleriň ýyl boýy dürli çärelere çekilmegi sebäp bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *