Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Türkiýe türkmen raýatlary üçin migrasiýa talaplaryny hasam güýçlendirýär

0

Türk häkimiýetleriniň girizen ýene bir talaby, Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletine degişli boldy. Türk Migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlaryna pasportynyň möhleti geçen bolsa ýaşamak üçin wagtlaýyn rugsady bermekden ýüz öwürýär, Türkmenistanyň Baş konsullygynyň türkmen raýatynyň pasportynyň möhletini uzaltmak barada beren resmi belligi indi hasaba alynmaýar. 

Azatlygyň Türkiýedäki habarçylary we "Türkmen Helsinki Fondy"(THF) Türkiýäniň “pasportlarynyň möhleti uzaldylan” türkmenlere ýurtda bolmak üçin wagtlaýyn rugsat bermekden ýüz öwürýändigini habar berýär. Wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamany almak üçin indi täze pasportyň bolmagy talap edilýär.

"Resminamalarymy migrasiýa gullugynyň milleti türkmen bolan işgäri kabul etdi. Ol mundan beýläk pasportymyň güýjüni ýitiren hasaplanýandygyny we Türkiýede kabul edilmeýändigini, onuň bilen ýaşamak üçin ygtyýarnamamy uzaltmagyň mümkin däldigini aýtdy. Indi men Türkmenistana gitmeli, ol ýerde täze pasport almaly, diňe şondan soň täze pasport bilen ýaşamak üçin rugsat alyp bilerin. Resminamalaryň doly bukjasyny doldurmak üçin maňa bir aý wagt berildi. Aslynda bu ýaşamak üçin rugsady uzaltmakdan ýüz öwrülendigini aňladýar "- diýip, 30-njy martda Kumkapy welaýat migrasiýa bölümine baran türkmen raýaty adynyň aýdylmazlygy şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary Türkmenistanyň raýatlarynyň möhleti geçen, ýöne türkmen konsullygynda pasportlarynyň möhletiniň uzaldylandygy barada möhür basdyran türkmen raýatlarynyň birnäçesiniň soňky günlerde ýaşamak üçin rugsatnamany uzaltmak üçin ýüzlenmeleriniň ret edilendigini habar berdiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy THF guramasynyň habaryna görä, 29-njy martda mälim bolan täze talap bilen baglanyşykly Stambulyň Esenýurt we Fatih etraplarynyň migrasiýa bölümlerine ýüz tutan türkmenleriň arzalary ret edilipdir.

Häzirki bu täze talaplar barada resmi bildiriş ýok.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary koronawirus pandemiýasy wagtynda watanyna syýahat etmek mümkinçiligini ýitiren raýatlaryň pasportlaryny täzelemek meselesini çözmek üçin 2022-nji ýylda Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň pasportlaryna möhletini uzaltmak barada bellik goýup başlapdy. 

Bu aralykda, möhleti geçen türkmen pasportynda konsullyk belgisi esasynda ýaşamak üçin ygtyýarnamany uzaltmagyň bes edilendigi baradaky habarlar sosial ulgamlarda hem peýda boldy.

30-njy martda TikTok-da çykan habarlaryň birinde daşary ýurtlulara dokumentleri düzetmäge ýardam berýän araçy agentligiň eýesi Emrah Wural, ellerinde möhleti uzaldylan pasportly türkmen raýatlarynyň indi bu pasportlar esasynda Türkiýede ýaşamak üçin rugsat alyp bilmejekdiklerini habar berdi. Şeýle-de, ol ýaşamak üçin ygtyýarnamasynyň möhleti gutaryp barýan raýatlara iş wizasyny edinmek üçin gyssagly ýüz tutmak barada duýduryş berdi. 

Şeýlelikde, biometrik pasportlarynyň möhleti geçen türkmen raýatlary Türkiýede ýaşamak üçin rugsat almak mümkinçiligini doly ýitirip bilerler.

Ýaşamak üçin wagtlaýyn rugsady daşary ýurtlularyň Türkiýede kanuny esasda galmagy üçin zerur. Bu rugsady her bir wagt aralygynda täzeläp durmaly. Migrasiýa gullugy rugsadyň möhletini öz garaýşyna görä kesgitleýär. Azatlygyň Türkiýedäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky birnäçe aýda Türkmenistanyň raýatlaryna berilýän ýaşamak üçin wagtlaýyn rugsadyň möhleti ep-esli azaldy, köplenç alty aýdan geçmedi.

Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda pasport almagyna degişli meseläniň onlarça ýyl bäri çözülmän galýandygyny, şol sanda hiç wagt biometrik pasporty bolmadyk raýatlaryň bardygyna ünsi çekýär.

THF müňlerçe adamyň elinde 1996-njy ýylda alnan köne pasportlaryň bardygyny, olaryň arasynda hatda TSSR-de berlen sowet pasportlary bolan adamlaryň hem bardygyny belleýär. Adam hukuklary guramasy öz habarynda "Aslynda bu raýatlygy bolmadyk adamlar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi häzirki ýagdaýa düşündiriş bermekden saklanýar" - diýip ýazýar.

Bu aralykda, Türkiýede bikanun galýan türkmen raýatlaryň tutulmagy dowam etdirilýär. Emma deportasiýa merkezlerinde saklanýan ýa-da deportasiýa edilen türkmen raýatlary barada resmi maglumatlar çap edilmeýär.

Azatlygyň Türkiýedäki çeşmelerine görä, deportasiýa merkezlerine düşen türkmen raýatlary şol ýerde birnäçe aýlap galýarlar.

"2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda ýigitlerimiz tussag edildi. Birnäçe aý bäri Adanada, Türkiýede bikanun galýanlaryň saklanýan ýerinde bolýarlar. Olara boşadylmazlygynyň sebäbini aýtmaýarlar. Öňem tussag edilýärdi, emma iki hepdeden soň boşadylýardy "- diýip, çeşmeleriň biri ýaňy-ýakynda habar berdi.

Bikanun migrantlar ozalam saklanýardy, ýöne tussag edilen türkmen raýatlary köplenç bir aýa çenli wagtyň içinde boşadylýardy.

Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýedäki ýagdaýy ýurtlaryň arasynda wiza režiminiň girizilenden soň has çylşyrymlaşdy. 15 ýyllap türkmen raýatlary Türkiýä wizasyz baryp, 30 güne çenli bolup bilýärdi. Şu sebäpden Türkiýe türkmen işçi migrantlarynyň barýan esasy ýurduna öwrüldi. Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi.

Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň başynda ýurtda resmi hasaba alnan türkmen raýatlarynyň sany 222.090 adam. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmen migrantlarynyň sany birnäçe esse köp.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *