Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Täze döredilýän "Arkadag" teleýaýlymy Arkadagdaky 'beýik işleri' açyp görkezer

0
Täze döredilýän

Serdar Berdimuhamedow 30-njy martda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymyny döretmek baradaky karara gol çekdi. Şeýle-de prezident, öz kakasynyň syýasy adyny göterýän şäher barada täze, anyklaşdyrylmadyk karara gol çekdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, “Arkadag” teleýaýlymy Türkmenistanda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan “beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, ...türkmen telewideniýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak”, onuň “işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen” döredilýär.

Täze teleýaýlym şu ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşik berer.

Serdar Berdimuhamedowyň kararynda anyklaşdyrylmazdan aýdylmagyna görä, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Mundan başga, “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň prezidenti öz kakasynyň syýasy adyny göterýän şäher barada hem täze karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Arkadag şäheriniň häkimligi diýlip atlandyryldy.

Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, bu Türkmenistanyň ýakyn geljekde täze paýtagta eýe bolmak ähtimallygyndan habar berýäne çalym edýär

Türkmenistanda häkimiýetler habar serişdelerine diňe ýurtda gazanylýandygy aýdylýan üstünlikleri ‘ussatlyk bilen açyp görkezýän we wagyz edýän’ gural hökmünde seredýärler.

Bu ýagdaý metbugatyň ýurtdaky düýpli meseleler barada dymyp, prezidenti we onuň maşgalasyny dyngysyz öwmek bilen meşgullanmagyna alyp geldi diýip, synçylar aýdýar.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, milli metbugatda şol bir many-mazmundaky wagyz gepleşikleriniň berilmegi ilaty döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinden görülmedik derejede daşlaşdyrdy we adamlar prezidentler maşgalasy barada taýýarlanýan öwgüli gepleşikleri diňe olaryň ýöntemligine gülmek üçin görýärler.

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça çap edilýän halkara hasabatlarynda her ýyl iň yzdaky orunlaryň birini eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *