Trend: Türkmenistan Global ýumşak güýç indeksindäki ornuny ýokarlandyrdy
Türkmenistan 2023-nji ýylda Global ýumşak güýç indeksindäki ornuny 25 dereje ýokarlandyrdy diýip, “Trend” habar gullugy "Global Soft Power Index” tarapyndan çap edilen hasabata salgylanyp habar berýär.
Habarada aýdylmagyna görä, Türkmenistan görkezijide 121-nji orundan 88-nji orna galdy, Aziýa döwletleriniň arasynda bolsa 13-nji orunda ýerleşdirildi.
ABŞ, Angliýa we Germaniýa indeksiň ilkinji üç ornuny eýeleýär, Aziýa ýurtlarynyň arasynda Ýaponiýa Global ýumşak güýç indeksiniň lideri diýlip ykrar edildi (umumy reýtingde 4-nji orunda durýar).
Global ýumşak güýç görkezijisi ýurtlaryň dünýä arenasynda eýeleýän ornuna, abraýyna we täsirine deňagramly we bitewi baha bermegi üpjün edýän köp sanly görkezijini öz içine alýar diýip, habarda bellenýär.
Brendlere baha bermek pudagyndaky maslahat beriş kompaniýasy bolan “Brand Finans” tarapyndan düzülen "Global Soft Power Index”görkezijisi 121 ýurtdan pikiri soralanlaryň azyndan 100 müň sanysynyň jogaplary esasynda taýýarlanylýar.
Soft power ýa-da ýumşak güýç halkara gatnaşyklaryndaky ynandyryjy, yryjy çemeleşmäni, adatça ykdysady ýa-da medeni täsiriň ulanylmagyny aňladýar.
Türkmenistan adatça halkara derejesinde taýýarlanylýan dürli hasabatlarda iň yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär.