Berdimuhamedow goşmaça iş orunlaryny döretmegiň zerurdygyny aýdýar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatyna gatnaşyp, goşmaça iş orunlaryny döretmek, zähmet haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak meselelerine ünsi çekdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Mejlisiň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy we deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet baştutany 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamaga häzirki wagtdan taýýarlyk görmelidigini aýtdy we, döwlet býujetine seredilende, ...goşmaça iş orunlaryny döretmek we zähmet haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak...” bilen bagly wezipelere üns berilmeli diýdi.
Türkmen hökümetiniň mejlislerinde goşmaça goşmaça iş orunlaryny döretmek we zähmet haklaryny ýokarlandyrmak meselesi hemişe diýen ýaly gozgalýar, ýöne bu ugurda edilýän anyk işler, şol sanda ýurtdaky işsizligiň derejesi, iş gözläp, daşary ýurtlara gitmeli bolan raýatlaryň sany, olaryň daşary ýurtlardan iberýän pul serişdeleri hakynda hiç bir anyk maglumat berilmeýär.
Türkmen metbugaty zähmet haklarynyň ýylda 10% çemesi ýokarlandyrylýandygy, ilatyň durmuş şertleriniň gowulanýandygyny habar berýär, emma inflýasiýanyň derejesi barada dymýar.