Daşoguzda üç ýigit "pul üçin" dostuny öldürdi
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda dört dostuň arasynda pul üstünde dörändigi aýdylýan dawa-jenjelde bir adam öldi. Ýerli kanun goraýjy edaralaryň işgärleri merhumyň üç dosty tarapyndan zeýkeş kanalyna akdyrylandygy aýdylýan jesedi tapmaga çalyşýarlar. Bu waka barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy we etrap polisiýasyndaky çeşmelerimiz maglumat berdiler.
"Waka 9-njy maý güni etrabyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginde boldy. Şol güni ýedi sany dost obanyň günortasyny kesip geçýän 'Derýalyk' atly uly zeýkeş kanalynyň ýakasynda dynç almaga tebigata çykýar. Olar bu ýerde balyk tutup, kebap bişirip, arak içýärler we olaryň dördüsiniň arasynda dawa turýar. Deň-duşlaryň üçüsi 'biz dawa goşuljak däl' diýip, uruşdan öň öýlerine gaýdýar. Şondan soňra dawanyň gyzmagy netijesinde, galan dört adamyň üçüsi Aşgabatdan gelen deň-duşynyň kellesini çüýşe bilen ýaryp öldürýär. Olar jesedi ýok etmek maksady bilen, ony zeýkeş kanalyna akdyryp goýberýärler" diýip, Görogly etrap polisiýasyndaky çeşmämiz aýtdy.
Çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, tussag edilen üç adam dostuny öldürip, kanala oklandyklaryny we pajygaly wakadan öň, onuň Aşgabatda gazanyp gelen 5 müň manadyny zor bilen alandyklaryny boýun aldy.
"40 ýaşlaryndaky üç adam Aşgabatda işläp gelen dostuna ýene arak satyn aldyrmaga çalşypdyr, ýöne ol muňa garşylyk görkezipdir. Şondan soňra üç adam onuň daşyna geçipdir" diýip, çeşmämiz adam öldürmekde güman edilýänleriň nädip we haçan tussag edilendigi barada maglumat bermedi.
Azatlykda merhumyň şahsyýetini anyklaýan käbir maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Sebitdäki habarçymyz 10-njy maýda wakanyň bolan ýerinde derňew, şeýle-de, jesedi tapmak ugrunda 'Derýalyk' atly uly zeýkeş kanalynyň boýunda gözleg işleriniň geçirilendigini aýtdy.
"Etrapdaky milli howpsuzlyk edarasynyň, polisiýanyň we adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň gatnaşmagynda geçirilen gözleg işleriniň çäginde gämi we dikuçar hem ulanyldy. Ýöne jeset tapylmady" diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlyk waka barada welaýat we etrap Polisiýa müdirliklerinden resmi kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanda talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlar yzygiderli ýüze çykýar. Azatlygyň dürli sebitlerdäki habarçylary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, şeýle jenaýatlaryň göz-görtele köpelýändigini aýdýarlar.
Mart aýynda habarçylarymyz Aşgabatda tutuş bir maşgalanyň, är-aýalyň we olaryň 11 ýaşly ogullarynyň hem-de olaryň itiniň iki hüjümçi tarapyndan pyçaklanyp öldürilendigini habar berdiler.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda jenaýatyň derejesi we adamlary agyr jenaýatlara iterýän sebäpler barada maglumat çap etmeýär. Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri hem jenaýat wakalaryny beýan etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.