Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 01.07.2018

Orsýetliler pensiýa çykmak ýaşynyň ýokarlandyrylmagyna garşy protest bildirýärler

Azathabar.com 

Orsýetiň çar künjeginde müňlerçe adam hökümetiň pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak planlaryna garşy protest ýörişlerine çykdy. Kärdeşler arkalaşyklary, syýasy partiýalar we oppozisiýadaky syýasatçy Alekseý Nawalny orsýetlileri  1-nji iýulda erkekler üçin pensiýa çykmak ýaşynyň 60-dan 65-e, aýallar üçin 55-den 63-e galdyrylmak planyna garşy demonstrasiýa çykmaga çagyrdy. Ýakyn Gündogaryň Wladiwastok, Habarowsk, Amur boýundaky Komsomolsk, şeýle-de Sibiriň Omsk, Orenburg we Uralsk şäherlerinde protest toparlanyşyklarynyň bolandygy habar berildi. Читать дальше...

Eýranda suw ýetmezçiligi zorlukly protestlere alyp gelýär

Azathabar.com 

Eýranyň günorta-günbatarynda agyz suwunyň ýetmezçiligine garşy protest bildirýän ýüzlerçe demonstrasiýaçy polisiýa bilen çaknyşdy diýip, ýerli media habar berýär. Döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugy 30-njy iýunda Tährandan 650 km uzaklykda ýerleşýän Horramşahr şäherinde toplanan protestçileriň eýran häkimiýetlerine garşy şygaralara gygyrnadyklaryny habar berýär. Protestçileriň ofiserlere daş zyňmagy netijesinde polisiýa olara garşy göz ýaşardyjy gazlary pürkdi diýip, neşir ýazýar. Döwlet... Читать дальше...

Prezident Berdimuhamedow 6-njy iýulda Kazana sapara geler

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy iýulda Kazana geler diýip, Tatar-inform neşiri habar berýär. Saparyň programmasyna laýyklykda, türkmen prezidenti Kazan aeroportunda Tataraystanyň prezidenti Rustam Minnihanow tarapyndan garşy alnar.  Neşiriň maglumatyna görä, Tatarystan türkmen prezidentini gadymy şäher Bolgaryň we Swiýažsk ada şäheriniň dikeldilişi bilen tanşydyrar. Mundanam başga, olaryň Bulgar yslam akademiýasyny döretmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşjagy aýdylýar. Читать дальше...

Tramp saud patyşasynyň nebit öndürmegi köpeltmäge razydygyny aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň patyşasy Salmanyň özüne aýdan sözlerine salgylanyp, Eýrandaky we Wenezueladaky ýagdaýlara jogap edip, Riýadyň nebit öndürmegiň derejesini ýokarlandyrjagyny aýdýar.  Saud hökümeti iki lideriň global nebit bazary hakynda gürleşendigini tassyk etdi, emma Riýadyň nebit öndürmegi ýokarlandyrmak babatda gelen hiç bir ylalaşygyny agzamady. 30-njy iýundaky gepleşik Tramp adminstrasiýasynyň ýaranlaryna Eýrandan nebit almagy bes etmek barada eden basyşyndan... Читать дальше...

ABŞ-da Trampyň immigrasiýa syýsatyna garşy müňlerçe adam protest bildirýär

Azathabar.com 

Amerikan paýtagtynda we Birleşen Ştatlaryň beýleki şäherlerinde prezident Donald Trampyň migrasiýa syýasatlaryna, şol sanda migrant maşgalalaryň bir-birinden aýrylmagyna garşy müňlerçe adam proteste çykdy. Müňlerçe migrant çaganyň öz ene-atasyndan aýrylmagyna getiren syýasat netijesinde dörän gahar-gazabyň güýçlenmegi bilen ýurt boýunça ýüzlerçe demonstrasiýa planlaşdyryldy.  Ak tamyň garşysynda toplanan protestçiler “Utanç! Utanç!” diýip gygyrdylar. Käbirleri “Çagalar nirede?” we “Zalymlygy bes et”, “Biz Amerika” diýen şygarlary galdyrdy. Читать дальше...

Report: German kansleri Merkel bosgunlary yzyna dolamak üçin 14 ÝB döwletinden goldaw tapdy

Azathabar.com 

Habar maglumatlarynda german kansleri Angela Merkeliň Ýewrop Bileleşigine girýän ýurtlaryň 14-sinden ÝB-den bosgunlyk aljak bolýan migrantlar boýunça täze şertnama baglaşmak üçin goldaw alandygy aýdylýar. Bu şertnama ozal 28 agzaly bileleşigiň bir ýerinde hasaba alnan oturym soraýanlaryň ýurtlar tarapyndan yzyna alynmagyny maksat edinýär. Bu ylalaşyklaryň üsti Merkeliň iki sany koalisiýa hyzmatdaşynyň liderlerine iberen hatynda açyldy we ol dokumenti gören habar gulluklary bu täzeligi 30-njy iýunda habar berdiler. Читать дальше...

Trampyň ýaranlary Pariž duşuşygynda Eýran režiminiň soňunyň golaýlandygyny aýdýarlar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýakyn ýaranlary Pariždäki “Eýrany azat et” toparlanyşygyna Eýran režiminiň soňunyň golaý gelendigini we bu ýurda garşy ulanyljak sanksiýalaryň “uly we uly, has-da uly” boljakdygyny aýtdylar. “Biz indi eýran režiminiň soňunyň gelýändigini hakyky ýagdaýynda görüp bilmäge ukyply bolýarys” diýip, kanun geňeşçisi Rudi Juliani (Rudy Giuliani) 30-njy iýunda bosgunlykdaky garşydaşlar, şol sanda Eýranda gadagan edilen ozalky Halk Mujahedin pitne topary tarapyndan gurnalan duşuşykda aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *