Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 11.07.2018

Türkmenistanda yssy howa höküm sürýär, asfalt ýollar zaýalanýar

Azathabar.com 

Soňky bir ýarym hepdäniň dowamynda Türkmenistanda yssy howa şertleri adamlaryň gündelik durmuşyna, olaryň saglyk ýagdaýlaryna täsir edýär. Temperaturanyň aşa ýokary galmagy ýurduň çäklerindäki garaýollara-da zyýan ýetirýär. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 11-nji iýulda maglumat berdi.

Täjik prokurory abraýly žurnalist Mirsaidowa 13 ýyllyk tussaglygy soraýar

Azathabar.com 

Täjigistanyň prokurory Hujand şäheriniň sudundan abraýly žurnalist Hairullo Mirsaidowy 13 ýyllyk türme tussaglygyna höküm etmegi sorady. Şeýle-de, Raufhon Alizoda 10-njy iýulda suddan, onuň öz sözüne görä, Mirsaidowyň eden jenaýaty bilen ýetiren zyýany üçin oňa 13 500 amerikan dollary möçberinde jerime töletmek hakynda karar çykarmagy sorady. Prokuror agzan zyýanynyň nämeden ybaratdygyny takyklaşdyrmady. Mirsaidow öz Hujand şäherinde dekabr aýynda tussag edilipdi. Žurnaliste ogurlyk, galplyk... Читать дальше...

Eýranda garaýag we ýolagçy daşaýan ulaglaryň çaknyşygynda 11 adam heläk boldy

Azathabar.com 

Eýranyň döwlet telewideniýesi we kürtleriň sürgünlikdäki topary Eýranyň Kürdüstan regionynda garaýag daşaýan tankeriň we ýolagçy awtobusyň çaknyşmagy zerarly azyndan 11 adamyň wepat bolandygyny habar berdiler. Döwlet telewideniýesi çaknyşygyň 10-njy iýulda gije Tährandan 400 kilometr günbatarda ýerleşýän Sanandaj şäherinde bolandygyny aýtdy. Parižde ýerleşýän Eýranyň Kürdüstan demokratik partiýasynyň (PDKI) Twitter sahypasynda, aýdylyşy ýaly, şol heläkçiligiň wideolary ýerleşdirildi. Maglumatda... Читать дальше...

Pakistanda bomba partlamasynda wepat bolanlaryň sany 20 adama ýetdi

Azathabar.com 

Pakistanda saýlaw bilen bagly ýörişde janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan bomba partlamasynda wepat bolanlaryň sany 20 adama ýetdi. “Talyban” topary bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Janyndan geçen hüjümçi 10-njy iýulda Peşawar şäherinde “Awami milli partiýasy” (ANP) tarapyndan guramalaşdyrylan ýörişe garaşýan märekä hüjüm etdi. Pakistanyň “Talyban” toparynyň metbugat wekili Mohammad Hurasaniniň 11-nji iýulda ýaýradan beýanatynda aýtmagyna görä, ANP partiýasyna edilen hüjümde... Читать дальше...

Tramp NATO-nyň sammitiniň başynda tankydy çykyş etdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO-nyň Brusseldäki iki günlük sammitiniň başynda öz çykyşyny nägile äheňde başlady we Germaniýany tankyt etdi. Tramp Germaniýanyň ABŞ-nyň ony “Orsýetden goramagyny” garaşýarka Moskwa bilen bahasy “milliardlarça dollarlyk” gaz geçiriji boýunça ylalaşyk baglaşýandygyny belledi. 11-nji iýulda NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg bilen nahar başyndaky duşuşykda eden çykyşynda Tramp: “Biz Germaniýany goraýarys. Biz Fransiýany goraýarys. Biz her kimi goraýarys” diýdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *