Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 27.07.2018

Britan Daşary gatnaşyklar edarasynyň adam hukuklary boýunça hasabaty: Türkmenistanda 'ösüş göze ilmedi'

Azathabar.com 

Iýul aýynda Birleşen Karollygyň Daşary işler ministrliginiň binýadyndaky Daşary gatnaşyklar edarasy “2017-nji ýyl üçin Adam hukuklary we demokratiýa” atly hasabat çap etdi. Hasabatda Beýik Britaniýanyň halkara ölçegde adam hukuklaryny ösdürmek babatda alyp barýan tagallalary hakda raport berilýär, şeýle-de dünýäde adam hukuklarynyň hem-de demokratiki gymmatlyklaryň ýagdaýyna syn hödürlenýär.

Trampyň öňki aklawçysy Tramp öz kömekçileriniň ruslar bilen duşuşygyny tassyklady diýýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň mediasynyň habar bermegine görä, prezident Donald Trampyň öňki aklawçysy 2016-njy ýylyň iýun aýynda prezidentiň kömekçileri we bäsdeş dalaşgär Hillari Klintona zyýanly maglumatlary paýlaşmak arkaly Trampyň saýlaw kampaniýasyna ýardam bermegi teklip eden rus delegasiýasynyň arasyndaky duşuşyk barada Trampyň öňünden bilýändigini aýtdy.

Çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň ýegeni Groznynyň häkimi wezipesine bellenildi

Azathabar.com 

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowyň ýegeni ýerli kanunçykaryjylar tarapyndan Groznynyň häkimi wezipesine bellenildi. 26-njy iýulda Grozny şäher geňeşi Kadyrowyň aýal dogany Zulaýyň ogly Ibragim Zakriýewi Çeçenistanyň paýtagtynyň häkimi wezipesine bellemek barada ses berdi. Zakriýew Çeçenistanyň premýer-ministri bolmak üçin iýun adynda wezipesinden çekilen Muslim Huçiýewiň ýerine işe başlar. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän we raýat aktiwistleri Kadyrow... Читать дальше...

Gazak figuraçy sportsmeniň öldürilmegi bilen ilteşikli üçünji şübheli tussag edildi

Azathabar.com 

Gazagystanda buzda figuralaýyn taýmakda olimpiýa medalisti Denis Teniň öldürilmegi bilen baglanyşykly üçünji şübheli tussag edildi. Gazagystanyň baş prokurorynyň orunbasary Marat Ahmetžanowyň 27-nji iýulda beren maglumatyna görä, şübhelä jenaýat barada habar bermezlikde günä bildirildi. Şübheliniň şahsyýeti köpçülige mälim edilmedi. Geçen hepde gazak häkimiýetleri bu jenaýat işi boýunça iki şübheliniň – Nuraly Kiýasowyň we Arman Kudaýbergenowyň – tussag edilendigini we olara Teni öldürmekde günä bildirilendigini aýtdylar. Читать дальше...

Gresiýa ýowuz ýangynyň bilkastlaýyn döredilen bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar

Azathabar.com 

Afinanyň golaýynda möwjeýän ýowuz ýangynyň bilkastlaýyn döredilen bolmagy ähtimal diýip, Gresiýanyň goranmak ministriniň orunbasary 26-njy iýulda aýtdy. Nikos Toska bu barada ýangynda ölenleriň sany 82 adama ýeten mahaly çykyş etdi. Gresiýanyň goranmak ministriniň orunbasary Toskanyň sözlerine görä, sputnikde düşürilen suratlar käbir ýangynyň gysga wagtyň dowamynda grek paýtagtynyň günbataryna ýetendigini görkezýär. Güýçli ýel we howanyň temperaturasy ýokary bolany sebäpli ýangyn Afinanyň gündogaryna çaltlyk bilen ýetdi. Читать дальше...

Pakistan: Resmi netijeler saýlawlarda oppozision lider Imran Hanyň ýeňiji bolandygyny görkezýär

Azathabar.com 

Pakistanyň saýlawlarynda resmi netijeler oppozision lider Imran Hanyň Tehrik-e Insaf (PTI) partiýasynyň ýeňiji bolandygyny we ýurduň parlamentindäki, ýagny Milli Assambleýasyndaky 269 orundan 109-syny eýeländigini görkezýär. Ýöne Tehrik-e Insaf (PTI) partiýasy parlamente kontrollyk etmek üçin gerekli 137 orny eýeläp bilmändigi sebäpli, koalision hökümeti düzmek üçin ýurduň kanun çykaryjy organynda özüne ýaran gözlemeli bolar. Pakistanyň saýlaw resmileriniň 27-nji iýulda irden beren maglumatyna görä... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *