Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 18.07.2018

Türkmenistan aýallaryň hukuklary barada hasabat berdi, problemalary ret etdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda maşgala zorlugynyň we adam ogurlygynyň pidalary üçin döredilen ýörite telefon liniýasyna 3 müňden gowrak aýal jaň edipdir, şol bir wagtda-da diňe bir iş gozgalypdyr. Bu barada türkmen wekilleriniň 10-njy iýulda BMG-niň Ženewadaky edarasynda aýallaryň hak-hukuklary barada beren hasabatynda aýdylýar.  Читайте также на русском Hasabat bilen çykyş eden türkmen resmileriniň bu ýagdaý barada düşündiriş berip, "köpler maslahat kömegi üçin jaň edýärler. Jaňlaryň sany hakyky jenaýatlaryň sanyny görkezmeýär" diýip... Читать дальше...

Bugdaý oragy tamamlansa-da, ilatyň un kösençligi dowam edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda bugdaý oragynyň tamamlanyp, döwlet harmanyna bir million tonnadan gowurak bugdaý tabşyrylandygy baradaky maglumatlaryň berilýän döwründe, ýurduň ähli ýerlerinde un gytçylygynyň aradan aýrylmaýandygy barada maglumatlar gelip gowuşmagyny dowam edýär.

Türkmenistan söwda-ykdysady, ulag gatnawlary taslamalaryny maslahatlaşmak isleýär

Azathabar.com 

“Interfax” habar gullugy region häkimliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, türkmen ilçihanasynyň delegasiýasynyň hazarýaka döwletleriniň sammitiniň öňünden Gazagystanyň Mangistau sebitine gelendigini habar berýär. Türkmen ilçisi Toýly Kömekow bilen Mangistau regionynyň häkimi Ýeraly Tugžanowyň duşuşygynda türkmen tarapynyň sammitiň gapdalyndan esasy üç möhüm meseläni – transport koridory, howa aragatnaşygy we wiza meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygy aýdyldy. Bu sammit Hazar ýakasynda ýerleşýän... Читать дальше...

Trend: Hazardaky adalaryň üstüne Türkmenistanyň 170 gektarlyk emeli adasy goşuldy

Azathabar.com 

Hazar deňziniň çäginde 50-ä çenli ada hasaba alnan, emma biraz öň olaryň üstüne adam eli bilen döredilen ýene bir ada goşuldy diýip, “Trend” habar gullugy türkmen mediasyna salgylanyp habar berýär. “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň ýazmagyna görä, Hazar deňziniň türkmen çäginde döredilen emeli ada 170 gektar ýeri tutýar. «Trend» ozal türkmen metbugatyna salgylanyp, Türkmenistanyň Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagynda gurulýan emeli adanyň 160 gektar meýdany tutjagyny habar beripdi. Şeýle-de... Читать дальше...

Owganystan: Janyndan geçen bombaçy 20 adamy öldürdi, goşun onlarça adamy türmeden boşatdy

Azathabar.com 

Janyndan geçen bombaçy demirgazyk Owganystanda 20 adamy, şol sanda talyban komendirini öldürdi diýip, resmiler 17-nji iýulda aýtdy. Sarypul welaýatynyň polisiýa başlygy Abdul Kauom Bakizoý bu hüjümiň şol sebitde oba ýaşulularynyň talbyban resmileri bilen duşuşýan ýerinde bolandygyny aýtdy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady, emma Bakizoý onuň arkasynda “Yslam döwlet” toparynyň durandygyny aýtdy. Welaýat geňeşiniň başlygy Mohammed Noor Rahman bu partlamanyň adam jaýlanýan wagtynda... Читать дальше...

Tramp Orsýetiň 2016-njy ýylyň prezident saýlawlaryna gatyşandygy baradaky netijäni kabul edýändigini aýtdy

Azathabar.com 

Prezident Donald Tramp özüniň ABŞ aňtaw jemgyýetçiliginiň Orsýet 2016-njy ýylyň prezident saýlawlaryna Trampyň peýdasyna gatyşdy diýip gelen netijesini kabul edýändigini aýtdy. Emma ol Orsýetiň bu hereketleriniň saýlawlaryň netijelerine täsir ýetirmändigini öňe sürdi. Trampyň žurnalistlere aýdan sözleri onuň bir gün öň rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk mahalyndaky çykyşy üçin hem ýaranlary, hem tankytçylary tarapyndan giň tankyda sezewar bolan wagtyna gabat geldi. Tankytçylaryň köpüsi onuň Putini gujaklap... Читать дальше...

Browder: Tramp meni yzarlamakda rus prokurorlaryna kömekleşmäge razy bolana meňzeýär

Azathabar.com 

Britan maýadary we hukuk aktiwisti William Browder ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy mahalynda rus hukuk goraýjylarynyň özüni yzarlamagyna kömek bermek barada ylalaşan bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar. Browder twitter postunda we 17-nji iýulda “Time” žurnalynda çap edilen makalasynda Putiniň özüne çykmak isleýändigini, muňa derek geçen hepde 2016-njy ýylyň prezident kampaniýasy döwründe Trampy güýçlendirmek üçin ABŞ-nyň demokratik dokumentlerini ogurlamakda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *