Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 15.07.2018

Kabul partlamasynda azyndan bäş adam öldürildi

Azathabar.com 

Kabulda hökümet ministrliginiň öňünde özüni partladan janyndan geçeniň hüjüminde azyndan bäş dam öldi diýip, resmiler aýtdylar. 15-nji iýuldaky partlama Obalary abadanlaşdyrmak we ösüş ministrliginde boldy diýip, polisiýanyň sözçüsi  Haşmat Stanikzaý AFP habar gullugyna aýtdy. Obalary abadanlaşdyrmak we ösüş ministrliginiň sözçüsi Fraidoon Azhand bu hüjümiň bolandygyny tassyklady we başky maglumata görä azyndan bäş adamyň öldürilendigini aýtdy. "Görnüşinden, janyndan geçen bombaçy özüni ministrligimiziň derwezesinde partlatdy. Читать дальше...

Türkiýe başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň ikinji ýylyny belleýär

Azathabar.com 

Türkiýe türk prezidentine garşy gurnalan we öňi alnan, 250 adamyň ölümine getiren döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň iki ýyllygyny ýatlaýar.  Prezident Rejep Taýyp Erdogan we ýokary derejeli resmiler 15-nji iýulda Ankarada Kuran okaýyş çäresine gatnaşyp, namaz-dilegli çärelere badalga berdiler. Şu gün giçlik Erdoganyň Ankarada we Stambulda jemgyýetçilige ýüzlenip çykyş etmegine garaşylýar. 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda harbylaryň içindäki fraksiýalar tanklary, uruş uçarlaryny we dikuçarlary ulanyp, Erdogany agdarmaga synandylar. Читать дальше...

Tramp Putin bilen duşuşykdan “uly tamalary” etmeýär 

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 16-njy maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Helsinkide boljak duşuşyga “uly tama” bilen barmaýandygyny aýtdy. “Men az tama bilen barýaryn” diýip, Tramp 15-nji iýulda CBS neşirinde çap edilen söhbetdeşliginde aýtdy. "Men uly tama bilen barmaýaryn” diýip, Tramp CBS News-e aýtdy. Ol bu duşuşykdan “hiç bir erbetligiň” çykmajagyny, “belki-de käbir gowulygyň” çykjakdygyny aýtdy. “Meniň pikirimçe, duşuşmak gowy zat. Men duşuşyklara ynanýaryn” diýip, Tramp aýtdy. Читать дальше...

Britan premýeri Trampyň özüne ÝB-ni 'suda ber' diýendigini aýdýar

Azathabar.com 

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (Theresa May) ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň özüne Britaniýanyň bileleşikden çykmagy baradaky gepleşikleriň üstünde Ýewropa Bileleşigini suda bermegi maslahat berendigini aýtdy. Tramp 13-nji iýulda Meý bilen bilelikde beren metbugat ýygnagynda britan liderine beren geňeşini onuň örän“ýowuz”görendigini aýtdy.  15-nji iýulda BBC-niň bu geňeşiň näme bolandygy baradaky soragyna jogap berip, Meý şeýle diýdi: “Ol meniň ÝB-ni suda bermelidigimi aýtdy, gepleşiklere girme, olary suda ber diýdi”. Читать дальше...

BMG: Owganystanda öldürilen parahat adamlaryň sany rekord derejelere ýetdi

Azathabar.com 

Birleşen milletler guramasy Owganystanda öldürilen parahat adamlaryň sanynyň, geçen aýdaky ýaraşyga garamazdan, ýylyň birinji ýarymynda rekord derejä ýetendigini aýdýar. Öldürilenleriň sany 1% köpelip, 1,692 adam boldy, ýaraly bolanlar 5% azalyp, 3,430 adam boldy diýip, BMG-niň Owganystandaky Kömek missiýasynyň parahat adamlaryň ölümi boýunça 15-nji iýulda çap eden soňky hasabatynda aýdylýar. Owganystanda parahat adamlaryň öldürilmegini sistemalaýyn hasaba almak 2009-njy ýylda başlandy we, BMG-niň aýtmagyna görä... Читать дальше...

Tramp Putine “belki-de rehimsiz adamdyr” diýýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus lideri bilen planlaşdyrylan sammitiniň öňüsyrasynda beren interwýusynda Wladimir Putine "belki-de rehimsiz adamdyr” diýdi. Şeýle-de Tramp Britaniýanyň “Daily Mail” gazetinde 14-nji iýulda çap edilen söhbetdeşliginde 2020-nji ýylda gaýtadan saýlanmagy “doly niýet edinýändigini” aýtdy we “meniň şeýtmegimi hemmeler isleýän ýaly görünýär” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Tramp özüniň ýewropa saparynyň çäginde, Brýusselde NATO sammitine gatnaşandan soň, Britaniýa geldi we ol ýerden Helsinkä... Читать дальше...

ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk başlygy: Orsýet amerikanlaryň arasyna agzalalyk salýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk başlygy ýurduň aňtaw resmileriniň, sosial mediany we beýleki serişdeleri amerikan halkynyň arasynda bölünişik döretmekde ulanmak üçin edilýän “tutanýerli rus tagalallaryny”görýändiklerini aýdýar. Içeri howpsuzlyk sekretary Kirstjen Nielsen 14-nji iýulda, Filadelfiada ABŞ-nyň döwlet sekretarlarynyň ýygnanyşygynda çykyp gürläp, orsýetlileriň amerikan halkynyň arasynda agzalalyk we bölünişik döretmek üçinsosial mediany,“duýgudaş gürrüňdeşleri we beýleki frontlary ulanýandyklaryny” aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *