Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 06.07.2018

The Economist: Türkmenistanyň Germaniýadaky banklarda 23 milliard dollary bar, bank hasaplaryň eýeleri nämälim

Azathabar.com 

Beýik Britaniýanyň abraýly neşirlerinden “The Economist” gazetinde “Turkmenazuella, ýa-da Türkmenistan halkyň köpçülikleýin ýurdy terk etmegine ‘aýaýyp’ çözgüt tapdy” ady bilen düýn çap edilen makalada Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis we ýurdy terk edip, daşary ýurtlardan haraý gözelýän türkmenistanlylar barada gürrüň edilýär.

Daşoguzda tigir sürýänlerden tehpasport, ulag belgisi we sürüjilik şahadatnamasy talap edilýär

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguzda şäheriň statusyny alan etrap merkezlerinde ýaşaýjylaryň tigir sürmek üçin welosipediň tehniki guratlygy hakynda haty we ulag üçin döwlet belgisini almalydygyny habar berýärler. Şeýle-de, olar soňky döwürde tigirlilerden sürüjilik şahadatnamasynyň talap edilip başlanandygyny belleýärler.  Читайте также на русском "Eger-de soralan resminamasy bolmasa, raýatlara 800 manatdan 2000 manada çenl jerime salýarlar" diýip habarçymyz aýdýar.  Ýol gözegçilik polisiýasynyň... Читать дальше...

Aşgabatly ulanyjylar internetden peýdalanmakda kynçylyk çekýärler

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we redaksiýa okyjylardan gelýän maglumatlara görä, Aşgabatda ýene-de internet elýeterliligi gowşapdyr.   Читайте также на русском "Aşgabatda internet düýpden durdy. Welaýatlardaky ýagdaýy göz öňüne getimek kyn. Diňe bir erbet däl, her aýda 150-200 manada durýan tölegine görä, hili diýseň aýylganç. Mende "Altyn Asyryň" 200 manatlyk we AŞTU-nyň 250 manatlyk paketleri bar, biri beýlekisinden ýaramaz" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi habar berýär.  Onuň sözlerine görä... Читать дальше...

Wenada Eýran we dünýäniň iri döwletleri Ýadro ylalaşygy bilen baglylykda duşuşýarlar

Azathabar.com 

Wenada 2015-nji ýyldaky Tähranyň Ýadro ylalaşygy bilen baglylykda, Eýranyň, şol sanda oňa gol goýan we onuň şertleriniň saklanyp galmagynyň tarapynda çykyş edýän döwletleriň, ýagny Fransiýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň, Russiýanyň we Hytaýyň daşary işer ministrleri duşuşmaly. Mundan iki aý ozal, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öz ýurdunyň bu ylalaşykdan çykýandygyny we Eýrana garşy sanksiýalaryň giriziljekdigini yglan edipdi. Mundan öň, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Fransiýanyň we Germaniýanyň liderlerine ýüzlenip... Читать дальше...

Siriýa jeňçileri Russiýa bilen gepleşiklere dolandylar

Azathabar.com 

Siriýanyň günorta-demirgazyk sebitlerindäki jeňçiler, mümkin yza çekilmeleri maslahat etmek üçin, Russiýa bilen gepleşiklere dolanandyklaryny mälim etdiler. Mundan öň, Siriýanyň Iordaniýa we Ysraýylyň gözegçiligindäki Golan Beýiklikleri bilen araçäkleşýän sebitlerindäki 30 şäheri hökümetiň kontrollygyna geçirmek ugrunda alnyp barylýan gepleşikler togtadylypdy. Russiýanyň araçylyk etmeginde geçirilen gepleşikler 4-nji iýulda togtadylandan soň, rus we siriýa güýçleri jeňçileriň gözegçiligindäki... Читать дальше...

Ýaponiýa kult liderini jezalandyryp öldürdi

Azathabar.com 

Tokionyň metrolarynda 1995-nji ýylda gazly hüjümi we beýleki jenaýatlary amala aşyran, "Ahyrýet güni" kultunyň lideri - Şoko Asahara, özüniň alty şärigi bilen jezalandyrylyp öldürildi. Bu barada Ýaponiýanyň Adalat ministrligi maglumat berdi. Asahara anna güni irden Tokionyň tussaghanasynda öldürildi. Aum Şinrikýo atly kultyň agzalary plastik gaplary sarin nerw gazy bilen dolduryp, olary Tokionyň metrolarynda ýerleşdirilipdiler. Ýaponiýanyň taryhyndaky iň erbet terror hüjümi hökmünde häsiýetlendirilen bu wakada 13 adam öldi... Читать дальше...

ABŞ-nyň ilçisi Ermenistana sermaýalaryň geljekdigine ‘ynanýandygyny’ aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Ýerewandaky ilçisi Ermenistanyň syýasy durmuşyndaky soňky özgerişler ýurda täze söwda mümkinçiliklerini we has köp sermaýalary çekmäge ýardam berjekdigini aýtdy. “Ermenistanyň taryhyndaky bu täze sahypa ABŞ-nyň biznesmenleriniň arasynda uly gyzyklanma döretjekdigine ynanýaryn” diýip, Riçard Mills çykyş etdi. Mundan iki az ozal, syýasatçy we aktiwist Nikol Paşiniýanyň ýolbaşçylygyndaky, geçirilen parahat köçe protestleriniň netijesinde, ýurdy uzak ýyllap dolandyran Serž Sarkisiýan häkimiýetden çekilipdi. Читать дальше...

Kabul demirgazykdaky dartgynlylygy gowşatmak üçin delegasiýa ýollady

Azathabar.com 

Owgan hökümeti ýurduň demirgazyk Farýap welaýatynda täsirli harby kommandiriniň tussag edilmegi sebäpli dörän dartgynlylygy gowşatmak üçin, sebite ýörite delegasiýany ýollady. Etrap polisiýa başlygy Nizamuddin Kaýsariniň tussag edilmegi netijesinde, welaýatyň merkezi Maýmana şäherinde gazaply protestler ýüze çykdy. Wakada azyndan bir demonstrant öldi, başga-da sekizsi ýaralandy. Delegasiýanyň wekilleri sebitiň ýerli taýpa ýaşululary, graždan aktiwistleri, dini liderleri bilen duşuşdylar. Resmileriň maglumatyna görä... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *