Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 12.07.2018

Türkmen banklary töleg sebäpli okuwdan çykarylan talyplaryň pullaryny gaýtaryp bermeýär

Azathabar.com 

Töleg sebäpli okuwdan çykarylyp, ýurda dolanan talyplaryň hossarlary okuw üçin banka tölän pullaryny yzyna alyp bilmeýär. Daşary ýurtlarda bilim alýan wagty okuw tölegleri wagtyndan geçirilmän okuwdan çykarylan käbir türkmenistanly talyplar ýurda dolanýar. Olaryň hossarlary okuw üçin ozal türkmen banklary arkaly talyplaryň daşary ýurtlardaky ýokary okuw jaýlarynyň bank hasaplaryna geçiren okuw töleglerini Türkmenistanyň banklaryndan yzyna gaýtaryp alyp bilmeýär. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 12-nji iýulda maglumat berdi. Читать дальше...

Owganystandaky ýer süýşmesi 10 adamy öldürip, 300 jaýy weýran etdi

Azathabar.com 

Demirgazyk-gündogar Owganystanda bolan ýer süýşmesi azyndan 10 adamy öldürip, 300-e golaý jaýy weýran etdi.   Pänjşir welaýatyna, 11-nji iýul güni giçlik betbagtçylyk bolan ýere iki dikuçarda halas ediş topary bilen adatdan daşary kömek ugradyldy. Adatdan daşary ýagdaýlar müdirliginiň sözçüsi Omar Mohammadi halas ediş toparlarynyň 12-nji iýulda Hinj etrabynda heläkçilige uçran adamlary gözlemek bilen meşgullanandygyny aýtdy. Kabuldan 140 kilometr çemesi demirgazykda ýerleşýän Pänjşir öz garly... Читать дальше...

Nazarbaýew ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň ömürlik başlygy boldy

Azathabar.com 

Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň ömürlik başlygy boldy. Döwlet eýeçiligindäki media täze kanuny güýje girizýän prezident kararyny 12-nji iýulda çap etdi. Bu karar maý aýynda gazak deputatlary tarapyndan kabul edildi we iýunda ýurduň Konstitusiýa sudy tarapyndan tassyk edildi.  Nazarbaýew bu karara 5-nji iýulda, 78 ýaşynyň dolmagynyň we Astanada Gazagystanyň paýtagt güni hökmünde giňden bellenmeiginiň bir gün öňünden gol çekdi. Emma bu kanun diňe 12-nji iýulda, jemgyýetçilige ýetirilenden soň güýje girdi. Читать дальше...

Putin Moskwada Eýranyň ýokary lideriniň geňeşçisi bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hamaneýiniň baş geňeşçisi Ali Akbar Welaýaty bilen duşuşdy diýip, rus mediasy habar berýär.  Welaýatynyň Putin bilen duşuşygy 12-nji iýulda, Moskwa gelip, Eýranyň Orsýet bilen gatnaşyklaryny “strategiki” diýip öweninden bir gün soň boldy. Orsýetiň “Interfax” habar gullugy bu duşuşyga daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň hem gatnaşandygyny, eýran delegasiýasynyň hataryna bolsa Hamaneýiniň maslahatçylar geňeşiniň başlygyAli Asghar Fathi Sarbangoliniň... Читать дальше...



Wadalara garamazdan dolanan käbir migrantlaryň soraga, jogapkärçilige çekilýändigi aýdylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda hökümetiň ýurda dolanan köne pasportly migrantlara geçirimlilik ediljeginiň we Migrasiýa gullugynyň başlygynyň gidýän hem gelýän raýatlara “düzüw çemeleşilmegini” talap edendiginiň aýdylýan döwründe, Türkiýeden muňa bil baglap barýanlaryň ýaşaýan ýerlerinde howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan berk soraga we kämahal hem kanuny jogapkärçilige çekilýändigi habar berilýär.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň suw kösençligi dowam edýär

Azathabar.com 

Aşgabatda ýaňy-ýakynda birnäçe günläp suwsuz oturan ýaşaýyş jaýlaryna berilýän suwuň ak reňkli we çägeli gelýändigini, onuň içmäge asla ýaramaýandygyny Aşgabadyň ýaşaýjylary aýdýarlar.  "Parahat-1 mikroraýonynda kesilmeginden soň gaýtadan berilýän suwuň hili örän ýaramazlaşdy - ol diňe bir bulamak bolman, eýsem köplenç düýpden dury däl, içi çägeli we ownuk jisimli" diýip, Parahat etrapçasynyň ýaşaýjysy 12-nji iýulda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Читайте также на русском Parahat-1 we Parahat-2... Читать дальше...

Deportasiýa edilen owgan migranty özüni öldürenden soň german ministrine basyş edilýär

Azathabar.com 

Germaniýadan deportasiýa edilen owgan raýaty özüni heläkländen soň, migrantlara garşy berk çykyşlary bilen tanalýan german ministrine işden çekilmegi barada basyş edilýär. Germaniýanyň oppozisiýadaky partiýalary 23 ýaşyndaky migrant 10-njy iýulda Kabulda özüni öldürenden soň içeri işler ministri Horst Seehoferiň işden çekilmegine çagyrdylar. Özüni heläklän owganly 4-nji iýulda Germaniýadan Owganystana iberilen 69 bosgunyň biridi. Owgan migrasiýa resmileriniň maglumatyna görä, ol Germaniýada sekiz ýyl ýaşanyndan soň zor bilen yzyna... Читать дальше...

Azerbaýjanda ofiserleri öldürmekde güman edilýän tutuldy, protestçiler dargadyldy

Azathabar.com 

Ýokary derejeli hökümet resmisiniň ýurduň “durnuksyzlaşdyrylmak synanyşygyna” garşy duýduryş bermegi bilen, Azerbaýjanyň polisiýasy protest mahalynda iki polisiýa ofiseriniň pyçaklanyp öldürilmeginde güman edilýän iki adamyň birini tussag etdi.  Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi 11-nji iýulda güman edilýän ikinji adamyň hem gözlenilýändigini aýtdy. Ol iki adam 10-njy iýulda giçlik Genje şäherinde ýerli adminstrasiýanyň daş işiginde 200 çemesi demonstranta garşy durýan polisiýa güýçleriniň iki... Читать дальше...

Meý: Tramp-Putin sammiti NATO-Orsýet konflikt töwekgelligini azaltmak üçin ulanylmaly

Azathabar.com 

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (Theresa May) ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen onuň rus kärdeşi Wladimir Putiniň arasynda boljak sammiti gutlap, onuň NATO bilen Moskwanyň arasyndaky konflikt töwekgelligini peseltmek üçin ulanylmalydygyny aýtdy. 11-nji iýul güni giçlik NATO liderleriniň agşam naharynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen ýewropa liderleriniň arasyndaky gapma-garşylykdan soň, Meý Trampyň Putin bilen 16-njy iýulda boljak duşuşygyna optimistik baha berdi.  “Men prezident... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *