Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 09.07.2018

Britaniýada 'Nowiçok' bilen zäherlenen zenan wepat boldy

Azathabar.com 

Britaniýanyň polisiýasy orsýetli öňki gizlin agent Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenen himiki maddasyndan zäherlenip, agyr ýagdaýa düşen zenanyň ýogalandygyny aýdýar. Britaniýanyň merkezi polisiýasynyň beýanatyna görä, üç çaganyň ejesi 44 ýaşly Dawn Sturgess nerwe täsir ýetiriji “Nowiçok” serişdesi bilen zäherlenip, 8-nji iýulda keselhanada aradan çykypdyr. Polisiýa öz beýanatynda, onuň ölüminiň adamy öldürmek hökmünde derňelýändigini mälim etdi. Britaniýanyň premýer-ministri Tereza... Читать дальше...

Lebapda käbir kärendeçileriň dökün hakyndan kesilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýän häzirki döwründe Lebap welaýatyndaky "Türkmenhimýa“ paýdarlar jemgyýetiniň etraplardaky daýhan birleşikleriniň käbir karendeçilerine berilýän dökünleriň ujundan tutup galýandygy, ýagny olara döwlet tarapyndan bellenen mukdarda dökün bermeýändigi öňe sürülýär.

Türkiýede otly heläkçiliginde azyndan 24 adam wepat boldy, 70-den gowragy ýaralandy

Azathabar.com 

Türkiýede 8-nji iýulda bolan otly heläkçiliginde azyndan 24 adam wepat boldy we 70-den gowragy ýaralandy diýip, resmiler aýdýarlar. Türkiýäniň resmileriniň sözlerine görä, Tekirdag regionynda heläkçilige uçran otly 360 ýolagçyny alyp barýardy. “Ýaralananlar köp sanly we wepat bolanlar hem bar” diýip, Tekirdag welaýatynyň häkimi Mehmet Jeýlan NTW kanalyna aýtdy. Transport ministrligi güýçli ýagyş sebäpli “demir ýoluň aşagyndaky topragyň ýumrulmagyndan soň” otlynyň alty wagonyndan bäşisiniň ýoldan çykandygyny aýtdy. Читать дальше...

Brussede ÝB-Ukraina sammiti geçýär

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşiginiň we Ukrainanyň 9-njy iýulda geçirjek ýyllyk sammitinde Kiýewiň reformalarynyň gün tertibine, Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarym adasyny öz gözegçiligine almagyna hem Ukrainanyň gündogarynda orsýetçi sepratistleri goldamagyna degişli meseleleriň ara alnyp maslahat edilmegine garaşylýar. Brusselde geçiriljek şu ýylky duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň we Ukrainanyň arasyndaky assosiasiýa barada ylalaşygyň sentýabr aýynda güýjüne gireli bäri ilkinji sammitdir. Oňa Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko hem gatnaşýar. Читать дальше...

Onlarça eýranly özleriniň tansly wideolaryny çap edip, tussag edilen watandaşyna raýdaşlyk bildirdi

Azathabar.com 

Eýranyň sosial media ulanyjylary Instagram sosial ulgamynda tansly wideolaryny çap edendigi üçin tussag edilen ýetginjek gyza raýdaşlyk bildirip, özleriniň tans edişlerini görkezýän wideolaryny çap etdiler. Instagramda 40 müň yzarlaýja eýe bolan Maedeh Hojabri birden Eýranyň döwletiň gözegçiligindäki telewideniýesinde peýda bolup, ahlak kadalary bozandygyny boýun alyp çykyş etdi. Şuňa meňzeş ýagdaýa düşen ýene ençeme adamyň tussag edilendigi adylýar. Bu ýagdaý sosial medialarda reaksiýa döretdi. Читать дальше...

Owgan güýçleri ABŞ-nyň goldamagynda Nangarhary söweşijilerden arassalaýarlar

Azathabar.com 

ABŞ tarapyndan goldanýan Owganystanyň ýörite güýçleriniň ýurduň gündogar bölegindäki Nangarhar welaýatynyň çetki etrabyny “Yslam döwleti” (YD) atly toparyň söweşijilerinden arassalamak boýunça amala aşyran çäreleriniň jemleýji operasiýa bolmagynyň ähtimaldygyny resmiler aýdýarlar. ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň birinji toparyndan polkownik Joş Thielyň 8-nji iýulda aýtmagyna görä, soňky operasiýanyň merkezi Açin etrabynyň Deh Bala atly ýerinde bolupdyr. ABŞ-nyň harbylary 2017-nji ýylda bu ýere ýadro bolmadyk iň uly bombasyny taşlapdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *