Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 23.07.2018

ABŞ, Orsýet ‘Ak kaskalylaryň’ ewakuasiýa edilmegine aýrybaşga baha berdi

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar we Orsýet Golan beýiklikleriniň golaýyndaky durnuksyz serhet zonasyndan Siriýanyň meýletin raýat guramasynyň ewakuasiýa edilmegini gowy garşy aldy. Muňa garamazdan, bu iki ýurt operasiýa düýbünden aýrybaşga baha berdi. 22-nji iýulda ABŞ-nyň Döwlet departamenti ýörite beýanat ýaýradyp, özüniň Siriýanyň  raýat goranyşynyň 400-den gowrak agzasynyň howpsuz ýagdaýda ewakuasiýa edilmegini gowy garşy alýandygyny” aýtdy. Bu gurama “Ak kaskalylar” ady bilen hem tanalýar. “Biz müňlerçe... Читать дальше...

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň baş sekretary bilen duşuşdy, TOPH-yň tanyşdyrylyşyna gatnaşdy

Azathabar.com 

Geçen hepde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň wekiliýeti Nýu-Ýorka sapar edip, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilen maslahatlara gatnaşdy. Şeýle-de, DIM-iň orunbasary  BMG-niň baş-sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy, hem-de TOPH-yň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýty habar berýär.

Yragyň Kürdistan regionyndaky hökümet binasyna ýaragly adamlar hüjüm etdi

Azathabar.com 

Ýaragly adamlar Yragyň demirgazygynda ýerleşýän kürt şäheri Irbildäki hökümet binasyna hüjüm edip, birnäçe polisiýa işgärini ýaraladylar diýip, resmiler aýdýarlar. 23-nji iýulda ýaragly adamlaryň Kürdistan regional hökümetiniň (KRH) Irbildäki binasyna hüjüm etmegi netijesinde hüjümçiler bilen polisiýa işgärleriniň arasynda çaknyşyklar emele geldi. “Ýaragly adamlar dört gatly jaýyň soňky gatyna kontrollyk edýärler” diýip, Irbiliň häkiminiň orunbasary Tahir Abdullah aýtdy. Onuň sözlerine görä... Читать дальше...

Palestina: Ysraýylyň harbylary bir ýetginjek oglany öldürdi

Azathabar.com 

Palestinanyň saglyk resmileri Günbatar kenarda ysraýylly harbylar bilen bolan çaknyşyklarda bir ýetginjek oglanyň öldürilendigini aýdýarlar. Günbatar kenaryň günortasyndaky “Bethlehem” bosgunlar lagerindäki çaknyşyklarda Ysraýylyň harbylarynyň atan oky 15 ýaşyndaky oglanyň döşüne degdi diýip, 23-nji iýulda Palestinanyň Saglygy saklaýyş ministrligi aýtdy. Ysraýylyň armiýasy özüniň harby güýçleriniň lagere girip, protestçilere garşy “bulagaýlyk üçin ulanylýan guraly” ulanyp, iki şübhelini tussag edendigini mälim etdi. Читать дальше...

Tramp Rohanä ABŞ-a gaýtadan ‘hiç haçan’ haýbat atmazlygy duýdurdy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Eýranyň prezidenti Hassan Rohanä Birleşen Ştatlara gaýtadan “hiç haçan” haýbat atmazlygy duýduryp, bu gaýtalansa, onda onuň “mundan öň taryhda hiç haçan bolmadyk derejede ejir çekip biljekdigini duýdurdy”. Trampyň 22-nji iýul güni giçlik “Twitter” sosial ulgamynda uly harplar bilen ýazan tweeti, Rohani Trampa Tährana garşy duşmançylykly syýasaty amala aşyrmagy bes etmegi duýdurmagyndan birnäçe sagat soňa gabat geldi “Amerika Eýran bilen parahatçylykda bolmagyň ähli parahatçylygyň enesidigini... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *