Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 28.07.2018

Rus ýazyjysy we ozalky sowet dissidenti Wladimir Woýnowiç 85 ýaşynda aradan çykdy

Azathabar.com 

Rus ýazyjysy we ozalky sowet dissidenti Wladimir Woýnowiç 85 ýaşynda aradan çykdy diýip, rus mediasy habar berdi. TASS habar gullugy ýazyjynyň aýaly Swetlana Kolesniçenko salgylanyp, merhumyň 30-njy iýulda jaýlanylmagyna garaşylýandygyny habar berdi. Woýnowiç 1932-nji ýylyň sentýabrynda Täjigisytanyň paýtagty Stalinabatda doguldy, Duşenbe o mahal şeýle atlandyrylýardy. Onuň kakasy 1936-njy ýylda sowetlere garşy agitasiýa ýörtemek aýyplamasynda tussag edilip, bäş ýylyny diktator Iosif Staliniň zähmet-düzediş lagerlerinde geçirdi. Читать дальше...

Müsür sudy 75 adama ölüm hökümini çykary

Azathabar.com 

Müsür sudy 75 adama, şol sanda gadagan edilen “Yslan doganlygy” toparynyň 2013-nji ýylda gyrakladylan yslamçy prezident Mohammed Morsini goldap guralan oturma protestine gatnaşan ýokary derejeli şahslaryna ölüm hökümini çykardy. Kairiň Jenaýat sudunda 28-nji iýulda çykarylan höküme indi baş müfti – ýurduň ýokary dini häkimiýeti seretmeli. Emma bu bu guramanyň höküm barada gelen pikiriniň ýerine ýetirilmegi hökman däl. Galan 660 adamyň ykbalynyň sentýabrda çözülmegine garaşylýar diýip, döwlet... Читать дальше...

Türkmrenistan Demirgazyk Koreýa bilen energiýa, transport, agrar hyzmatdaşlygyny etmekçi

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýa we Türkmenistan iki sany ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi we dürli ugurlar, şol sanda energiýa, transport we oba hojalygy pudaklaryna hyzmatdaşlyk eder diýip, www.nknews.org neşiri Türkmenistanyň daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.  Phenýanda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygynda guralan sapar mahalynda gol çekilen dokumentler iki tarapyň syýasy geňeşmeler boýunça özara düşünişmek ähtnamasyndan we iki ministrligiň arasyndaky hyzmatdaşlyk programmasyndan ybarat. Читать дальше...

Hukuk toparlary Täjigistany oppozisiýa agzasynyň agyr kesellän çagasynyň syýahat gadaganlygyny ýatyrmaga çagyrýar

Azathabar.com 

“Human Rights Watch” guramasy we Norwegiýanyň Helsinki komiteti Täjigistany “syýasy äheňly syýahat gadaganlygyny” bes edip, oppozisiýa agzasynyň agyr keselli oglunyň daşary ýurtda bejergi almagyna ýol açmaga çagyrdy. Hukuk toparlarynyň 27-nji iýulda çap edilen beýanatlarynda dört ýaşyndaky Ibrohim Hamza Tillozodanyň, oppozisiýa agzasy Ruhullo Tillozodanyň oglunyň, oppozisiýa lideri, Täjigistanyň Yslamçy Täzeden döreýiş partiýasynyň başlygy Muhiddin Kabiriniň agtygynyň jana howp salýan düwnük keseli... Читать дальше...

Aý tutulmasy dünýäniň köp ýerinde göründi

Azathabar.com 

Adamlar 27-28-nji iýulda Awstraliýada, Afrikada, Aziýada, Ýewropada we Günorta Amerikada aýyň doly tutulanyny görjek bolup, asmana tiňkelerini dikdiler. Aýyň bu hili uzak tutulmasy asyrda bir gezek bolýar. Aýyň reňkiniň goýy gyzyla öwrülmegi bilen, “Ganly aý” diýilýän Gün, ýer we aý gyradeň bir hatara düzülende görünýär we şol pursatda aýa ýeriň kölegesi düşýär.  Aýyň doly tutulmasy 1 sagat 43 minuda çekdi, aý tutulmasy bolsa dört sagat çemesi dowam etdi. Alymlar aý tutulmasynyň gündogar Afrikada... Читать дальше...

Orsýet: bäş ýaşly çaga zorlanandan soň polisiýa işgärleri işden boşadyldy

Azathabar.com 

Moskwanyň golaýyndaky Serpuhowa şäheriniň dört polisiýa ofiseri 2017-nji ýylda häzir 22-nji iýulda bäş ýaşly täjik gyzyny zorlamakda we öldürmekde güman edilýän adamy tutup bilmändikleri üçin işden boşadyldy. Moskwanyň regional polisiýasynyň sözçüsi Tatýana Petrowa 26-njy iýulda Sepuhowanyň polisiýa başlygynyň hem dynç alyşdan gelende wezipesinden boşadyljakdygyny aýtdy. Petrowanyň sözlerine görä, ofiserler içerki derňewden soň, Serpuhowa polisiýa bölüminiň çagalaryň oýun meýdançasynda iki sany... Читать дальше...

Orsýetiň MTS kompaniýasy Türkmenistany 'çekdiren zyýany' üçin suda berýär

Azathabar.com 

Orsýetiň baş mobil telefon operatory MTS anna güni, Türkmenistanda işleýän aragatnaşyk hyzmaty kärhanasynyň 2017-nji ýylda ýurduň telefon ulgamyndan kesilendigi üçin,Türkmenistanyň üstünden suda şikaýat edendigini aýtdy diýip, “Roýters” habar gullugy 27-nji iýulda habar berdi.

Birleşen Ştatlar Eýranda režim çalyşmagy maksat edinmeýär - Mattis

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar Eýranda režim çalyşmagy maksat edinmeýär diýip, ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis aýtdy. ABŞ adminstrasiýasy režim çalyşmak ýa çökermek syýasatyny döretdimi diýlip soralanda, Mattis 27-nji iýulda “Ol zatlaryň hiç biri döredilmedi” diýip jogap berdi. Ol, beýleki amerikan resmileriniň hem aýdyşlary ýaly, Birleşen Ştatlaryň maksadynyň Eýranyň bolşuny üýtgetmekden ybaratdygyny aýtdy. "Bize olaryň öz goşunlary, öz gizlin gulluklary, özleriniň ýerine goýlan adamlary we ynanylan... Читать дальше...

Ermenistanyň ozalky prezidenti Koçarýan 2008-nji ýyldaky basyp ýatyrmalar üçin tussag edildi

Azathabar.com 

Ermeni häkimiýetleri ozalky prezident Robert Koçarýany tussag etdiler. Ol 2008-nji ýyldaky dawaly prezident saýlawlaryndan soň gurnalan oppozisiýa protestlerini basyp ýatyrmak bilen baglylykda aýyplandy. Ýerewanyň etrap sudy 27-nji iýul güni giçlik Ýörite derňew gullugynyň Koçarýany 10 adamyň, şol sanda iki sany polisiýa ofiseriniň ölümine getiren basyp ýatyryşyň derňewi esasynda saklamak barada karar çykardy.  Bu çäre uzak wagt bäri korrupsiýa garşy göreşýän we täzelikde premýer-ministrlige... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *