Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 02.09.2018

Orsýet bilen Ukraina Zaharçenkonyň ölüminde biri-birini aýyplaýar

Azathabar.com 

Orsýet bilen Ukraina gündogar Ukrainadaky seperatistleriň başlygy, Donetsk halk respublikasy diýilýäniň ýolbaşçysy Aleksandr Zahaçenkonyň öldürilmeginde bir-birini günäleýär. Zaharçenko 31-nji awgustda, Donetskdäki kafede bolan partlamada öldi.  Bu gündogar Ukraianda 2014-nji ýyldan bäri Moskwanyň goldaw bermegi bilen Kiýewdäki hökümete garşy uruşýan seperatist resmileriniň we komandirleriniň arasynda bolan zorlukly ölümleriň soňky mysaly bolup durýar.Umuman alnanda, bu uruşda 10 müň 300-den gowrak adam öldürildi. Читать дальше...

Owganystanda NATO güýçleriniň ýolbaşçysy täzelendi

Azathabar.com 

NATO-nyň Owganystandaky güýçleriniň ýolbaşçysy täzelendi. Waşingtonyň “Talybany” Kabuldaky günbatar goldawyny alýan hökümet bilen parahatçylyk gepleşiklerine mejbur etmek babatdaky strategiýasynyň barha kän sorag astyna salynýan wagtynda ABŞ-nyň goşun generaly Skot Miller Owganystandaky NATO goşunlarynyň komandirligini kabul etdi. "Üstünlikli bolmak üçin biziň dowamly öwrenmegimiz we duşmana hem-de daş-töwerege uýgunlaşmagymyz zerur” diýip, Miller 2-nji sentýabrda NATO-nyň Aýgytly goldaw missiýasynyň... Читать дальше...

Eýran Yrakdaky jeňçilere raketa geçirýändigi baradaky habary ret edýär

Azathabar.com 

Eýran Yrakdaky şaýy ýaranlarynyň milisiýa toparlaryny ballistik raketalar bilen üpjün edýändigi, olara şol ýerde öz raketa kuwwatlyklaryny gurmaga ýardam berýändigi barada “Roýters” habar agentliginiň ýaýrdan maglumatyny ret etdi. Eýranyň IRNA habar agentliginiň 1-nji sentýabrdaky maglumatyna görä, "Beýle galp we gülkünç habaryň Eýranyň daşary gatnaşyklaryna, hususan-da öz goňşulary bilen alyp barýan gatnaşyklaryna täsir ýetirmekden başga maksady bolup bilmez” diýip, Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Kasemi aýtdy. Читать дальше...

Pentagon Pompeonyň saparyndan öň Pakistana berjek $300 million harby kömegini togtatdy

Azathabar.com 

ABŞ harbylary Pakistana berilmeli 300 million dollar kömegini togtatmak kararyna gelendiklerini, sebäbi Yslamabadyň jeňçilere garşy garaşylýan çäreleri görmeýändigini aýtdylar. Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň we baş ABŞ generalynyň saparynyň öňüsyrasynda gelnen karar dartgynlyklary ýokarlandyrdy.  Bu şu ýylyň başyndan bäri Pakistana berilmegi planlaşdyrylan, emma togtadylan serişdeleriň möçberini 800 million dollara ýetirýär.  Prezident Donald Tramp şu ýylyň başynda Pakistana berilýän beýleki... Читать дальше...

Erdogan türk-gyrgyz gatnaşyklarynyň has pugtalandyrylmagyna çagyrýar

Azathabar.com 

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Merkezi Aziýa ýurduna edýän iki günlük resmi sapary mahalynda Gyrgyzystan bilen has ýakyndan gatnaşyk gurulmagyna çagyrdy. 1-nji sentýabrda Bişkekde gyrgyz prezidenti Sooronbýa Žeenbekow bilen geçirilen gepleşiklerinden soň çykyp gürlän Erdogan iki ýurduň arasynda has kän kommersiýa howa gatnawynyň gurulmagyna hem-de Gyrgyzystanda aeroportlaryň gaýtadan gurulmak işlerinde Türkiýä rol berilmegine çagyrdy. Erdogan 2016-njy ýylda Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *